jemal_seyitniyazowa
11.01.2023 14:23
Dowamy.

Bir agşam wagtydy otagyma girdim iş stoluma geçip oturdum. Bir-ki sany kagyz aldym we ýazmaga başladym.
Soňky gezek kime hat ýazanym ýadyma düşenok.
Başladym gelşiksiz hatym bilen kagyzdaky setirleri doldurmaga.
..We diýdim: Leýla men bir garybyň ogly.
Atam gödek, agras adamdy. Kakam hem şeýle..
Billerinde ýaragy bilen; urşdan-urşa ylgar ekenler. Hiç bir adama boýun egmändirler.
Hiç kime ýamanlyk etmändirler.
Olar hem bu obanyň namysyny gorapdyr, gyzlaryny gollapdyrlar, kömege mätäçlere kömek edipdirler.
Köp gürlemezler eken gaýgylaryny, şatlyklaryny hemişe içlerinde ýaşapdyrlar.
Bilýäňmi men atamyň dodaklarynda ýekeje ýylgyryş görenimde dünýäniň iň bagtly agtygy ýaly duýýardym.
Kakam başymy haçan sypalapdyr bilemok, ýöne maňa oglum diýen wagty özümden geçerin.
Men; bu agras we gödek adamlaryň içinde ulaldym.
Garyşmadyk urşum galmady Leýla.
Köp urdum ýöne özüm üçin urmadym.
Her gezek bir sebäbim bardy.
Hemişe maksadym bardy.
Hiç kimiň gyzyna kese göz bilen seretmedim.
Hemişe obamyzyň hakyna gözegçilik etdim.
Ýöne Leýla.. meni hem köp urdular, kellämi aýlap seredenimde näme gördüm bilýäňmi?
Seni...
Men seniň bilen ýaralarymy saradym.
Seniň bilen gowlaşdym.
Durmuşda ol ýandan bu ýana mydam öwüsdüm, durdum.
Durmuşumda birinji gezek öwüsmek islämok.
Sende durmak, sende dynç almak isleýän.
Diýdimä meniň maşgalam gaýgysyny, şatlygyny içlerinde ýaşaýar.
Bizde içine salmak ata ýadygäri Leýla.
Menden owadan sözlere garaşma Leýla.
Hany häzirki ýaşlaryň dilinden düşmeýän ol seni söýýän sözüne hem garaşma Leýla.
Utanýan, ýöne sen maňa seredeniňde...
Ýüregime pyçak dürtülýän ýaly bolýan, şeýleräk üýtgeşik ýagdaý-da.
Sen düşün muňa, ýöne Leýla, men seni söýýärkäm hyýalymda-da eliňi tutmadym.
Men bir ädim yzda durdum.
Kellämi galdyrybam saňa seretmedim.
Diňeje ýanymda barlygyňy bildim.
Leýla men seni şeýle päk söýdüm.
Ýöne Leýla men Allanyň guly we men ony şeýlebir söýýärin.
Indi oňa garşy gelip, rugsat bermedik zadyny etsem näme bolar.
Gelişermi bize? Mertlige sygarmy?
Gürrüňi uzaltdym Leýla bagyşla!
Seredýän welin iň soňy biderek samyrdapdyrn.
Diýjek bolýanymam men gidýärin Leýla.
Uzaklara, dawamyň yzyndan gidýärin.
Ýöne dogry wagty geleninde men hem gelerin.
Seni gözläp taparn, şol wagt gelýänçäm maňa garaşarsyňmy Leýla?
Garaşarsyňmy?..


Türk dilinden terjime edilen.
Soňy.
28
151
jemal_seyitniyazowa
20 Yanwar 2023
gul_, bolýa goýjak nesip bolsa👍🏻
jemal_seyitniyazowa
16 Yanwar 2023
shamko,salam 👋🏻
Maýa06
11 Yanwar 2023
Dowamyna garaşýan ☺️
jemal_seyitniyazowa
11 Yanwar 2023
gul_, nesip bolsa minnetdar saňada😊❤
jemal_seyitniyazowa
11 Yanwar 2023
gul_, garaşdyranym üçin bagyşla nesibeli wagty şu gün ekennä🤫🙂
jemal_seyitniyazowa
11 Yanwar 2023
gul_, okanyň üçin sagbol😊
asyl
11 Yanwar 2023
✨✨👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.