BaýramBejidow
11.01.2023 00:22
Men indi tapmaryn seniñ ýalyny,
Gözlemenem barlygyña şükir men,
Sesiñ bilen örýän her bir säheri,
Sen hakynda jemlenip dur pikirlem.

Men indi tapmaryn seniñ ýalyny,
Seniñ ornuñ özge tutup başarmaz,
Her pursatda seni küýsäp otyrýan,
Howlygamok güniñ dogup-ýaşarna.

Meñzemezem özge näzler näziñe,
Görkiñ ýaly nurly görki tapmaryn,
Süýji sözleñ kalba aram berip dur,
Açan ýaly yşkyñ syrly gatlaryn.

Men indi tapmaryn seniñ ýalyny,
Duşaýsa-da bagtym baglap bilmerin,
Seniñ bilen ýaşamaly ahyry,
Geljegmiziñ iñ bir süýji günlerin.

Awtory: Baýram Bejidow

19
84
Myhman Myhman
12 Yanwar 2023
Salam
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.