abdy_dayy
10.01.2023 22:37
Şowly we bagtly adamlar has gowy iş öndürijiligini gazanmak üçin öz gün tertiplerini özleri döredýärler. Olaryň aglabasy ir säher bilen turmak endigine eýerýärler. Üstünlik gazanan erkekleriň we aýallaryň gün tertibini öwrenen psihologlar hem bu pikiri goldaýarlar. Näçede oýanmaly we eger-de, siz «giçki baýguş» bolsaňyz, nädip özüňizi bilbil ýaly adam edip terbiýelemeli?

Mysal getireliň: 

«Forbes»  žurnalynyň reýtingine görä, şahsy emlägi 14,4 milliard dollara barabar bolan adamyň — «Twitteri» esaslandyryjynyň säheri nähili? Häzir 45 ýaşyndaky milliarder Jek Dorsiniň gün tertibi Kaliforniýada 5:30-da başlanýar. Oýanmagyndan soňra Jek bir bulgur suw içýär we seýilgähe uzak bolmadyk ylgawa çykýar. Soňra ol meditasiýa bilen meşgullanýar we mundan soň ertirlik naharyny iýýär.  Maşgalasynyň oýanmagyndan öň Jek öz-özi bilen ýekelikde bolup, iş gününe özüni taýýarlamaga ýetişýär.  Eýýäm irden sagat 8-de Jegiň beýnisi oýanyp, gowy pikirler döreýär.

«Apple» kompaniýasynyň baş direktory 62 ýaşly Tim Kuk Kupertinoda irden sagat 4:00-da oýanýar. Tim dişlerini ýuwýar, maşklary ýerine ýetirýär we poçtasyny barlamaga başlaýar, elektron hatlara jogap ýazýar. Munuň üçin ol, takmynan, 30 minut sarp edýär, soňra ol sport zalyna gidýär we bu ýerde bir sagada golaý wagt geçirýär. Köplenç, Timiň ertirligi heýgenekden we şeker goşulmadyk badamly süýdüň bir bulguryndan ybarat bolýar.

 Üstünlik gazanan adamlaryň terjimehalyny öwrenen psiholog Olga Mustafina şeýle gürrüň berýär: 

— Ýokarda ady agzalan işewürlerden hem görnüşi ýaly, üstünlikli adamlaryň adaty gün tertibiniň üýtgeşik syry ýok. Olar hem edil siziň ýaly gije ýatýarlar, irden oýanýarlar we olaryň ählisinde diýen ýaly öz durnuklaşan irdenki gün tertipleri bar. Mysal üçin, Tim Kuguň tertibinde adatdan daşary üýtgeşik hiç zat ýok: ol bir gije-gündiziň dowamynda 7 sagatlap ukuda bolýar we öz tabynlygyndaky işgärlerine ony sagat 20:45-den soňra bimaza etmezligi haýyş edýär.

Eýsem, biziň bedenimizde nämeler bolup geçýär?

Adam bedeniniň bioritmleriniň gurluşyna laýyklykda, irden sagat 6-7-lerde oýanmak elmydama has aňsat we peýdalydyr. Şeýle tertipde günümiz netijeli we işjeň bolýar.

Irden sagat 5-e golaý organizmde «işjeňlik» gormonlary bolan kortizolyň, adrenaliniň işlenip çykarylmasy ýokarlanýar. Ganda gemoglobiniň we şekeriň derejesi artýar, puls ýygylaşýar, dem alyş has çuňlaşýar. Şeýlelikde, beden oýanmaga taýýarlanýar.

Hut şonuň üçin hem irden sagat 6-da oýanmak 8-de turanyňdan has aňsatdyr. Irden sagat 9-a çenli ertirlik naharyny iýmek maslahat berilýär. Sebäbi ähli kaloriýalar ir harçlanar we sizi uzak wagtlyk energiýa bilen üpjün eder.
20
81
Myhman Myhman
11 Yanwar 2023
Gowy gaty gowy post
jemal_seyitniyazowa
11 Yanwar 2023
Tertip döredip görýän köplenç kä wagt tertibiň bozulmagyna sebäp tapylýa
k_25n
11 Yanwar 2023
sugunlera 8:30 09:00 aralygynda turyan 😐
butterfly
11 Yanwar 2023
6:00da oyanyan
Myhman Myhman
11 Yanwar 2023
Maninkade menzes
ideallider
11 Yanwar 2023
Hehe meňkä meňzeşiräk eken😋👍
gulshatayewa97
11 Yanwar 2023
Iň kyn zatlaň biri😴😴😴
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.