Şugunduryñ peýdasy:
Gün nuruny bolluk bilen eçilensoň, sahawatly topragymyzda bitýän gök we bakja önümleriniň arasynda derde derman häsiýetlisi köpdür. Peýdaly ösümlik bolan şugundyryň peýdasy hakynda okyjylarymyza gürrüň bermegi makul bildik.
Ýylyň dowamynda saçaklarymyzy bezeýän şugundyryň adamyň saglygy üçin peýdasy köpdür. Şugundyryň düzüminde köp sanly demir, şeýle hem deňagramly derejede kalsiý we natriý bar. Onuň düzüminde B topara degişli ýokumlar köpdür. Ýokumlaryň hut şol topary dyrnagyň, saçyň berk we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär.
Ol düzüminde saklanýan sinkiň we ýoduň mukdary boýunça gök önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar.
Şugundyr böwregiň, bagryň, gan-damar ulgamynyň arassalanmagyna kömek edýär, şeýle hem gan damarlarynyň diwarjyklaryny berkidýär.
Ol bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar.
Onuň düzüminde bar bolan ýokumlar ganazlygy bejermäge ýardam edýär. Şugundyr iç gatamada diýseň peýdaly bolup, içegede näsazlyklar ýüze çykanda hem giňden peýdalanylýar.
Önümde kaloriýanyň az bolmagy ony berhizde hem ulanmaga mümkinçilik döredýär. Şugundyry buglap iýmek has-da peýdalydyr.