Söýmek günämi?.
Söýmek; ol ýerde ähli zat gizli.
Söýmek; diýilende bir ülkäniň hökümdary söýeni üçin söweşler başladýar.
Söýmek; diýilende okuwdaky müdiriň kömekçisi birden töwerege gülki paýlaýar.
Söýmek; diýilende dünýä dymýar.
Çünki "Alla" bu älemi söýgi bilen ýaratdy.
Indi näme üçin söýýäris düşündiňmi?
Çünki biz söýgi bilen ýaradylan gullardyrs.
Onda söýmek günämi?
Seret näme diýýär meşhur "Ibrahim Tatlıses" söýmegiň günädigini bilsedim seni söýerdimmi?
Gynanma Imparator söýmek günä däl.
Söýmek günä bolsady, ResulAllah söýerdimi..
Howa menem söýdüm. Howa meniň söýgimiň ady Leýlady.
Ýöne biziň söýgimiz ol filimlerdäki ýaly bolmaz.
Ýagny derrew ýanyna gidip aýdaýyn diýilmez.
Bize ters elbetde. İlki köp aýlap oňa gizlin bakarsyň.
Ol saňa ýalňyşlyk bilen seretse. Ýürek agyrysyndan gidersiň.
Biz gül almagyň nämedigini bilmeris.
Gül aljak bolsagam gül alar ýaly pulumyz hem ýokdur.
Biz onuň ýerine meýdandan gül ýygnars. Söýenimize bermek üçin.
Güli bermek diýenimde-de eline berip bilmers. Ýoluna goýars.
Sebäbi utanars, ol ýolda gülleri göreninde näme edýänini synlars.
Ýöne gizlin, köçäniň başyndan we ol sahna iň gymmat Oscar film sahnasyndan has hem ajaýypdyr.
Ýogsa-da bu filimi başga biriniň görmegini islemers.
Çünki bu filim ýekeje biziň filimimiz.
Söýmek günä däl ýöne Allanyň çyzan çyzgysyndan geçmesek günä däldir söýmek.
Eger ol çyzgydan daşyna çyksak ine ol söýmek günälerdenem günädir.
Leýla hem meni söýýärdi, söýýän diýmesede men duýýardym.
Eli elime degdimi diýjek bolsaňyz degmedi, degip bilmezdi. Çünki halalym däldi.
Başga tarapdan hem maksadym, dawam, dinim, maşgalam, obam bardy. Hemde olara dogry ýoly görkezmelidim.
Halaly, sogaby düşündirmek isleýärkäm meniň harama el uzatmagym. Maňa gelişmezdi, mahşarda Rebbime näme jogap bererdim.
Biraz garaşsadyň men hem razy bolsadym diýmezdimi? Elbetde diýerdi.
Soňsuz söýmek ukybyny beripdir biz hem bu soňsuz söýgini diňeje bir kişä baglasak gelşiksiz bolardy.
Türk dilinden terjime etdim. Dowamy kändi okalmaz diýip ýazmadym...