Hozlar adam bedeni üçin iň peýdaly önümleriň biridir. Ol adam beýnisiniň kadaly işlemegine, immunitetiniň durnukly bolmagyna getirýär. Belki, hozuň içindäki hurşuň adam beýnisiniň şekilini ýatladýandygy hem şonuň üçindir. Alymlar gan azlykdan ejir çekýän adamlara köpräk hoz iýmegi maslahat berýärler. Onuň düzümindäki demir siziň tiz sagalmagyňyza kömek eder.
Hozlarda uly mukdarda demriň bolmagy ganazlykdan ejir çekýän adamlara kömek edip biler. Düzümindäki sink bilen ýod bolsa deriniň, saçyň, dyrnaklaryň sagdyn bolmagynda wajyp orun eýeleýär. Şeýle-de hoz peşew haltasynyň kadaly işlemegine peýdalydyr.
Hozlardaky С we E witaminleri organizmi «haýal» garradýar, ýagly kislotalar bolsa ýadyňy güýçlendirip, ünsüňi jemlemäge şert döredýär. Bu önümi ýaşy 50-den geçen adamlara-da köpräk iýmek maslahat berilýär.
Şeýle peýdaly we gymmatly önümiň öýde uzak wagtlap dogry şertlerde saklanmagy siziň saglygyňyza oňyn täsir eder. Hozy öý şertlerinde uzak wagtlap saklamagyň birnäçe ýönekeý usuly bar.