Gyşda beýik ökjeli aýakgap geýmek sowuk pasla mahsus bolan typançak ýolda ýykylmak ýa-da aýagyňy gaňyrtmak howpy sebäpli maslahat berilmeýär. Şoňa görä, gyşda köwşüň ökjesiniň beýikligi 4 sm-den ýokary bolmaly däldir. Bu hakynda «CM-Клиника» lukmançylyk merkeziniň ortoped-trawmatolog lukmany Alişer Zohirow söhbetdeşliginde belläp geçýär.
«Typançak ýolda aýak gaňrylanda köwşüň ökjesi leňňer ýaly hereket edip, aýagy has-da beter towlap biler. Bu bolsa aýagyň myşsalarynyň owulmagyna we topugyň çykmagyna çynlakaý bahanadyr. Umuman alanyňda, köwşüň ökjesiniň 4 sm-den ýokary bolmagy maslahat berilmeýär. Muny gyşda aýratyn göz öňünde tutmaly» diýip, trawmatolog beýik ökjeli köwüş geýip, typançak ýolda ýykylmagyň operasiýa çenli eltip biljek howpunyň bardygyny ýatladýar.
Trawmatolog Zohirowyň gürrüň bermegine görä, adatça, hirurgiýa kömegi döwüklerde we damarlar üzülende zerur bolýar. Döwük süňkleri bejermek üçin plastindir nurbatlar oturdylýar, käwagt daşarky berkitme enjamlary ulanylýar. Damar üzülende bolsa hirurglara «labyr berkitmesi» diýlip atlandyrylýan ýörite enjam gerek bolýar.
Şeýle-de lukman, gyşda diňe ökjesi tekiz aýakgap geýeniň bilen hem, bolup biläýjek şikesiň öňüni alyp bolmajakdygyny ýatladýar. Gyşda geýiljek aýakgap pes ökjeli bolmakdan daşary, injigi hem goramaly. Şonuň üçin gyşda krossowka ýa makasin geýmek hem dogry çykalga däldir.