abdy_dayy
08.01.2023 19:11
«Sagdyn iýmitlenme» örän giňişleýin düşünjedir. Ýöne bu barada kähalatlarda nädogry pikirler hem aýdylýar. Käbir adamlar şonuň üçin iýmitlenişiň dogry bolmadyk düzgünlerini endik edinýärler. Biz hem «Saglyk» žurnalyna salgylanyp, sagdyn iýmitlenme we nädogry pikirler bilen bagly makala taýýarlap, size ýetirmegi maksat edindik.

1. Nädogry pikir: Ertirlik edinmek hökman däl

«Ertirlik edinmek hökman däl» diýen düşünje ýalňyşdyr. Bedendäki maddalaryň alyş-çalyş (metabolizm) hadysasy irden has ýokary bolup, günüň ahyryna çenli peselýär. Şonuň üçin hem iýilýän iýmit hökmany bedeniň sarp edýän kaloriýasyna görä bolmalydyr. Ertirlik iýmiti myşsalaryň, beýniniň işjeňligini sazlamak üçin zerur bolan uglewodlardyr beloklara, witaminlere we mineral maddalara baý bolmalydyr. Biziň bedenimiz ertirligiň kömegi bilen zerur bolan kaloriýanyň 25 %-ini, ikinji ertirlikden bolsa, 10 %-ini almalydyr.

2. Nädogry pikir: Irdenine ajöze kofe içseň bolýar

Ajöze kofe içmek maslahat berilmeýär. Kofäniň düzüminde birnäçe organiki alma, limon, şawel, hlorogen we beýleki turşular bar. Eger-de öň aşgazanda iýmit bar bolanda, bu turşular iýmitiň oňat özleşmegine kömek edýär. Boş aşgazanda bolsa, olar onuň nemli bardasyna gyjyndyryjy täsir edýär. Her gün ajöze kofe içmek kem-kemden aşgazanda näsazlyklaryň döremegine getirýär: agyry peýda bolýar, saryň gaýnamasy we gaýnaglama alamatlary ýüze çykýar. Kofe ajöze içilende bedende kortizol gormonynyň derejesi ýokarlanýar. Bu gormon bolsa, gan basyşyny beýgeldýär, dartgynly ýagdaýy döredýär, bedendäki beloklary dargadýar we ýagyň ýygnanmagyna getirýär. Kofäni ertirlik edinilenden 40-50 minut geçenden soňra içmek maslahat berilýär.

3. Nädogry pikir: Günüň dowamynda 3 gezek naharlanmak ýeterlik

Günüň dowamynda 3 gezek iýmit kabul etmek bilen bedeni zerur iýmit maddalary bilen doly derejede üpjün etmek mümkin däl. Şeýle bolanda, adam her gezek köp iýjek bolýar. Iýmitiň birbada aşa köp kabul edilmegi bolsa, onuň doly özleşmeginde kynçylyk döredýär we artykmaç ýagyň ýygnanmagyna getirýär. Has amatly we dogry iýmitlenme günüň dowamynda iýmiti az mukdarda, 5-6 gezek kabul etmekdir. Bu bedeni ýokary derejede energiýa bilen üpjün edýär hem-de iýmit maddalarynyň doly özleşmegine kömek edýär.

4. Nädogry pikir: Ýaglar örän zyýanly, olary düýbünden iýmeli däl

Bu beýle däl. Birinjiden, käbir ýagsyzlandyrylan iýmit önümleri doly sagdyn önüm hasaplanylmaýar. Ýagyň öwezini şeker ýa-da duzuň hasabyna dolmak bilen tagamlyk derejesi ýokarlandyrylan önüm bedene uly zyýan ýetirip biler. Ikinjiden, ýaglar dürli-dürli bolýar. Köp ýaglar biziň bedenimiz üçin örän zerur bolup, olaryň peýdasy has ýokarydyr. Käbir witaminler bedende diňe ýaglaryň kömegi bilen özleşýär. Ösümlik ýaglarynda, esasan-da zeýtun ýagynda, hozlarda bar bolan doýgun däl ýaglar artykmaç agramy aýyrmakda, ýüregi berkitmekde we holesteriniň derejesini peseltmekde kömek edýär. Şol sebäpli önüm saýlananda, diňe bir ondaky bar bolan ýagyň mukdaryna däl-de, eýsem, onuň görnüşini we bu önümiň iýmitlilik gymmatlylygyny göz öňünde tutmalydyr.

5. Nädogry pikir: Eger-de, şu gün aşa köp iýen bolsaň, onda ertir aç gezmeli

Eger-de, bir gün gereginden artyk köp iýmitlenip, bedene köp kaloriýa düşen bolsa, onuň artykmajy hökman ätiýaçdaky ýaga öwrülip, bedende ýygnanýar. Ertesi gün az mukdarda iýmiti kabul etmek ýa-da düýbünden iýmezlik bilen ony harçlamak mümkin däl. Olary fiziki maşklaryň kömegi bilen harçlamaly we adatdaky ýaly, iýmitlenmek düzgünini dowam etmeli.

6. Nädogry pikir: Gyzyl mal etiniň düzüminde ýag köp saklanýar

Hemme gyzyl etiň düzüminde ýag köp däl. Belli bir mukdarda kabul edilende, ol belogyň, demriň we B topara degişli bolan witaminleriň çeşmesi hasaplanýar. Orta ýaşly adama bir hepdäniň dowamynda 500 gram gyzyl et iýmek maslahat berilýär.

7. Nädogry pikir: Doňdurylan miwedir bakja önümleriniň iýmitlik gymmatlylygy pesdir

Tersine. Miwedir bakja önümleri doňdurylanda onuň iýmitlik gymmatlygy ýitmeýär. Bu önümler, esasan, witaminlere we mineral maddalara has baý bolan möwsümde ýygnalyp doňdurylanda, olaryň miwelerinde bu maddalaryň köp bölegi saklanyp galýar. Şonuň üçin hem miwedir bakja önümleri uzak saklanylmaly bolanda doňduryjyda saklansa has peýdalydyr.

8. Nädogry pikir: Towuk ýumurtgasynda holesteriniň mukdary örän köp, şonuň üçin bu önümden gaça durmaly

Dogrudan hem, towuk ýumurtgasynyň sarysynda holesteriniň mukdary örän köp, şol bir wagtyň özünde hem onuň düzüminde gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyryjy lesitin maddasy bar. Towuk ýumurtgasy witaminleriň dürli görnüşlerine baýdyr. Onuň belokly böleginiň bolsa iýmitlik gymmatlylygy örän ýokarydyr. Sagdyn adama hepdede 3-4 sany towuk ýumurtgasyny iýmek maslahat berilýär.

9. Nädogry pikir: Agşam sagat 18:00-dan soňra hiç hili nahar iýmeli däl

Hakykatda bolsa iýmek bolýar. Emma bu naharyň haçan iýlenine däl-de, eýsem, tagamy näçeräk mukdarda kabul edilendigine hem baglydyr. Agşam ýatmazdan 3-4 sagat öň iýmeli. Eger-de, giç ýatmakçy bolsaňyz, onda agşam naharyny gijräk hem edinmek bolar. Bedeniň agramy kabul edilen iýmitden gelýän energiýanyň doly harç edilmegine bagly bolýar. Eger-de, iýmit agşam ýatmazdan öň kabul edilse, onda iýmitiň içegelerde özleşdirilmegi ukynyň rahat bolmagyna päsgel berýär. Iýmitiň düzümindäki ýönekeý şeker, krahmal bolsa ýaga öwrülýär we bedende toplanýar.

10. Nädogry pikir: Ir-iýmiş iýeniňden onuň şiresini içmek has peýdaly

Ýaňy taýýarlanan miwe şireleri peýdaly. Emma, miwäniň özünden tapawutlylykda, olaryň düzüminde adam üçin has ähmiýetli bolan, içegeleriň hereketini sazlaýan ösümlik süýümleri ýok. Şireleriň taýýarlanýan wagty hem witaminleriň, mineral maddalaryň mukdary peselýär. Şol sebäpli, diňe täze taýýarlanan miwe şirelerine ýykgyn etmän, eýsem, miweleriň özüni hem iýmek maslahat berilýär.
12
58
abdy_dayy
9 Yanwar 2023
gulshatayewa97, test edip goripsin oytyan
gulshatayewa97
9 Yanwar 2023
Agşam 18.00dan soň iýmeseň gowy haýyr edýä horlanmaga...
abdy_dayy
8 Yanwar 2023
ideallider, 👍
ideallider
8 Yanwar 2023
Irden kofe içýädim hemişe, inni içmerin😐👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.