abdy_dayy
08.01.2023 11:39
Dünýäde aňsatlyk we kynlyk bilen raýatlyk alyp bolýan ýurtlaryň sanawy düzüldi. Geliň, olar bilen tanyş bolalyň!

Watikan

Watikanda kardinal bolup işleýänler ýa-da katolik buthanasynyň resmi işgärleri raýatlyk alyp bilýärler. Watikan dünýäde iň aňsat raýatlyk alyp bolýan ýurt hasaplanýar.

Kanada

Kanadanyň raýaty bolmak üçin ýurtda hemişelik ýaşaýan bolmaly. Soňky 5 ýylda ýurtda ýaşap, raýatlyk we dil synaglaryndan geçenler raýatlyk hukuklaryna eýe bolýarlar.

Meksika

Meksikanyň raýaty bolmak üçin 2 ýyldan 5 ýyla çenli ýaşamak we ispan dili synaglaryndan geçmek talap edilýär.

Singapur

Singapuryň raýaty bolmak üçin singapurly bilen durmuş guran bolmaly. Bulardan başga-da, iş rugsady bolmaly ýa-da ýurtda azyndan iki ýyl ýaşan bolmaly. Raýatlyk üçin ýüz tutýan talyplar 3 ýyldan gowrak Singapurda ýaşan bolmalydyr.

Irlandiýa

Irlandiýanyň raýaty bolmak isleýänler ýurtda 5 ýyl ýaşamaly we iş rugsatly bolmaly.

Awstraliýa

Awstraliýanyň raýaty bolmak üçin ýaşamaga rugsatnamaň bolmaly we 4 ýyl Awstraliýada ýaşamaly.

Dünýäde iň kyn raýatlyk berýän ýurtlaryň sanawy

Angliýa

Angliýanyň raýaty bolmak isleýänler birnäçe synagdan geçirilýär. Dalaşgärler iňlis dili synaglarynda ýeterlik bal almaly we resminama tabşyrylanda azyndan 5 ýyl ýurtda ýaşan bolmaly. Angliýa dünýädäki iň gymmat we kyn raýatlyk berýän ýurtlaryň biridir.

Ýaponiýa

Ýaponiýanyň raýaty bolmak dünýäde iň gowy pasporta eýe bolmak diýmekdir. Ýaponiýanyň raýaty bolmak hem dünýä ýurtlarynyň arasynda iň kynlygy bilen tapawutlanýar. Ýaponiýanyň raýaty bolmak isleýän adamlar näme üçin ýurduň raýaty bolmak isleýändiklerini düşündirip, golýazma hatyny ýazmalydyrlar. Dalaşgärler soňra ýurtdaky ýaşaýyş çykdajylaryny nädip ýapjakdyklaryny we adyny üýtgetjekdiklerini mälim etmelidirler.

Hytaý

Hytaýyň resmi kanunlaryna laýyklykda, dalaşgärleriň ýurtda ýaşaýan garyndaşlary bar bolsa, döwletiň raýaty bolmaga rugsat berilýär.

Şweýsariýa

Şweýsariýanyň raýaty bolmak üçin dalaşgär ýurtda 10 ýyl ýaşap, «C» görnüşli iş rugsatly bolmaly. «C» görnüşli iş rugsady daşary ýurtlulara Şweýsariýada ýaşamak we işlemek hukugyny berýär.

BAE

Birleşen Arap Emirlikleriniň raýaty bolmak üçin daşary ýurtlular azyndan 30 ýyl bu döwletde kanuny ýagdaýda ýaşan bolmaly. Şeýle-de bolsa Omandan, Katardan we Bahreýnden gelen araplar 3 ýyl ýaşandan soň, BAE-de raýatlyk alyp bilýärler.

Lihtenşteýn

Ýewropada ýerleşýän Lihtenşteýniň raýaty bolmak isleýänler bu ýurtda azyndan 30 ýyl ýaşan bolmaly. Lihtenşteýniň raýaty bilen durmuş guran adamlar üçin bu möhlet 5 ýyla çenli azalýar.

Kuweýt

Kuweýtiň raýaty bolmak isleýän daşary ýurtlular azyndan 20 ýyl ýurtda ýaşan bolmaly. Arap ýurtlaryndan gelen raýatlar azyndan 15 ýyl ýurtda ýaşamaly. Raýatlygy resmileşdirmek üçin ýüz tutanlar soňky 5 ýylda musulman bolmaly we arap dilinde erkin gürlemeli.

Katar

Katarda azyndan 25 ýyl ýaşanlar ýurtda raýatlyk almak üçin ýüz tutup bilerler. Raýatlyk üçin ýüz tutanlar iki aýdan köp Katardan daşary ýurda gitmeli däldir. Ýeri gelende bellesek, Katar her ýyl, takmynan, 50 adamy ýurduň raýaty hökmünde kabul edýär.
15
73
Atascaryyev
9 Yanwar 2023
Eýran dowleti raýatlygy kyn beryandir
ideallider
8 Yanwar 2023
Öz ýurduma döneýin👍
olia
8 Yanwar 2023
okayjy,in kop wizasyz dashary yurda gidip bolyan pasport. Pocti hemme yurtlara wizasyz gecip bolya sho pasport bn
💎💎Tylla💎💎
8 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
olia
8 Yanwar 2023
Watikany yalnysh yazypsynyz. In kyn alyp bolyany gaytam. Shulardan edil Angliyany bilyan almak gaty kyn. 5 yyl yashansonam yene 5 yyl gezyan almak un. Agam 13mi 14 yylda alyp bilipdi. Yone ish ustunde wagtlayyn rayatlyk berya
okayjy
8 Yanwar 2023
Name üçin Ýaponýañ raýaty bolmak iñ gowy pasporta eýe bolmak bolýa 🤔
AýgülÝazweliýewa
8 Yanwar 2023
Döneýin Türkmenistanymyza❤️
Gu₩anc💡
8 Yanwar 2023
👍👍👍👍👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.