butterfly
08.01.2023 01:04
Ene muhabbeti

Bag-bakja bürenip duran şol jaýda
Ala sygryn sagyp oturan ene
Hiňlenýärdi esger ogluny ýatlap
Sen bir görsene

Jan ene! Aýdyber-aýdyber ýene
Diňläp gana bilmen hoş owazyňy
Şol owaza näzik şemal goşulup
Çalýar sazyny

Şol owazy diňläp duran ýigdekçe
Saklap bilmeýärdi begenç göz ýaşyn
Ene söýgisine ýugrulan owaz
Göz ýaşa bogupdy dünýäniň daşyn

Birdenem kesildi şol mylaýym ses
Enäň balasyna düşende gözi
Baryp gujaklady esger ogluny
Göýä nura doldy älemiň ýüzi

Ene ýylgyranda ýagtyldy älem
Ene ýylgyranda döretdi ýazy
Onuň sagyp duran süýdüni bolsa
Büdüräp dökipdir şol sygryň özi

Dökilse dökilsin diýdi ol ene
Her işde haýyr bar diýdi ol ýene
Gaýtadan synlady esger ogluny
Gujagyna gysdy …(sen bir görsene)

Gerçeknazar Amannazarow
10
39
💎💎Tylla💎💎
8 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
AýgülÝazweliýewa
8 Yanwar 2023
Ajaýyp, tolgundyryjy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.