ylham_1989
07.01.2023 21:43
Bolarmy


Dost-doganyň bolmaz, yere düşeňde,
Kynçylyk çekmeýän, adam bolarmy,
Hal-ahwal soralmaz, hassa halyňda,
Şeýle döwür gelse, ýaşap bolarmy.

Agladar-güldürer, ýeri gelende,
Bu dünýä dar ýaly, gözüm ýumanda,
Ýagşynyň-ýamanyň, sözün dinlände,
Dogryny ýalana, öwrüp bolarmy.

Yazsam galam döwler, tuşum gutarar,
Dünýä aklym ýetse, saçym gutarar,
Asman bulut tutsa, ýeri suw tutar,
Şöhlesiz dünýäde, ýaşap bolarmy.

Adam göwni bolar, kiçijik dünýä,
Birden degseň göwne, ullakan bolýa,
Yürek aglap gezýä, ýolunda dänýä,
Hiç bir göwne degmän, ýaşap bolarmy.

Yagty jahan maňa, garaňky görner,
Topraga seretsem,gözde yaş görner,
Gije ruhum galgap, asmanda gaýar,
Ilmyrat sözlener, ölmän bolarmy.


Ilmyrat Annasähedow
18
132
melek06
7 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻
ylham_1989
7 Yanwar 2023
gulserem,👍🏻👍🏻👍🏻
gulserem
7 Yanwar 2023
Gaty manyly gosgy🙃🙂👍🏻❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.