abdy_dayy
07.01.2023 19:57
Durmuşda dürli pikir-düşünjeli adamlara gabat gelnişi ýaly, her dürli täsin yrymlara hem duş gelmek bolýar. Şeýle täsin yrymlaryň biri-de käbir kişiniň 40 ýaşyny bellemekden gaça durmaklarydyr. Hakykatdanam, durmuşda 40 ýaş toýy bellemek dabaralary seýrek gabat gelýär ýa-da bellenäýende-de diňe özara maşgala çäginde bellenilýär. Eýsem, näme üçin 40 ýaş toýy howply sene hasaplanýar we ony nädip bellemeli? Bu sowala «MIR24» saýtynda şeýleräk görnüşde jogap berlipdir.

Dürli halklaryň medeniýetinde adamyň kyrk ýaşamagynyň belli bir serhetden geçmek we durmuş aýlawynda täze derejä çykmak bilen baglanyşykly hasaplanýandygyny belleýän şaman we runolog Sergeý Espe: «Ilkinji kyrk ýylyň dowamynda adam bedenini, akyl we ruhy häsiýetlerini, gymmatlyklaryny emele getirýän dört bölümli ýagdaýa laýyklykda ýaşaýar. Olar — hünär edinmek, maşgala gurmak, bilim almak we özi üçin işlemekden ybaratdyr. Soň ýene-de dört bölümli ýagdaý gaýtalanýar, ýöne bu gezek ol eýýäm gazanylan tejribäni, bilimi we başarnygy göz öňünde tutup, täze derejä eýe bolýar. Kyrk ýaşynyň dolan güni, adam haýsydyr bir zady terk edip, özüni azat etmek bilen baglanyşykly belli bir tapgyry geçýär. Hut şol döwür,  adamyň durmuşda bitiren işlerine we ýerine ýetiren amallaryna laýyklykda gaýtadan dogulmagy ýaly bir hadysadyr» diýip, kyrk ýaşan adamyň başdan geçirýän ýagdaýyny özüçe düşündirýär.

Şamançylyk däp-dessurlarynda 40-lyk belgisi belli bir çäk, gurban etmek, gaýduwsyzlyk ýaly düşünjeler hem-de oduň esasy elementi bilen baglanyşdyrylýar. Ot bolsa gadymy döwürlerden bäri erkek kişiniň ruhy başlangyjyny alamatlandyrýar we merhumy ata-babalarynyň ruhlarynyň ýanyna ibermek maksady bilen jaýlanyş dessurlarynda ulanylýar. Hut şeýle düşünjelerden ugur alyp, ruhlar syzmasyn diýen manyda köp halklarda kyrk ýaş toýuny diňe maşgala çäginde asuda bellemek dogry hasaplanýar.

Astrolog Wiktoriýa Gitkis bolsa, 40 ýaşy uzyn hem öwrüm-öwrüm eýwana girmek ýaly suratlandyrýar. Durmuş 40 ýaşan adamy özbaşdaklyk, jogapkärçilik, paýhas, durnuklylyk babatynda synag edýär. Bu ýaşda döreýän yzygiderli kynçylyklar, edil uniwersitetdäki kiçi synaglara meňzeýär. Hut şu döwürde adam ömrüniň ahyryna çenli geçjek ýoly bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Emma beýle diýmek,  kyrk ýaşdan gorkmaly diýmek  däldir, gaýta 40 ýaşanyňdan soňra, durmuşa has filosofik we manyly göz aýlamaly we daşarky ýagdaýlar durmuşyňa zyýan ýetirmez ýaly haýdan-haý täze üýtgeşmelere başlamaly.

Ýaponiýada, Hytaýda we Koreýada dörtlük sandan çekinýändikleriniň düýp sebäbi, onuň aýdylyşynyň «ölüm», ýagny «sy» sözüne meňzeşligindendir. Şol sebäpli, bu ýurtlarda dördünji jaýy satyn almakdan, dördünji orunda oturmakdan, umuman, dörtlük san bilen bagly her bir zatdan gaça durýarlar.

Yslamda welin, tersine, kyrk ýaş adam üçin örän oňyn ýaş hasaplanýar. Çünki Muhammet pygamber hut kyrk ýaşynda Jebraýyl perişde bilen gowakda duşuşyp, özüniň geljekki ykbaly hakynda bilýär.  

Gündelik psihologiýa nukdaýnazaryndan serediňde bolsa, kyrk ýaşan adamda, köplenç, «orta durmuş krizisi» ýüze çykýar we bu krizis, köplenç ýagdaýda, köne maksatlary we durmuşa garaýşy täzelemegi talap edýär. Elbetde, köp adam muny ýokuş görýär we agyr kabul edýär.

Ýokardaky maslahatlardan çen tutup, sözümizi jemläp aýdanymyzda, bardy-geldi, siz 40 ýaşap, bu senäni hem bellemek isleýän bolsaňyz, onda dabarany çakdanaşa uludan tutman, özüňiz üçin möhüm bolan pursatlary, sizi çyn ýürekden söýýän hem goldaýan ýürekdeş dost-ýarlaryňyzyň we maşgalaňyzyň arasynda geçiriň.
14
607
Myhman Myhman
20 Yanwar 2023
Men yrym diyen zada ynanamoga
Myhman Myhman
15 Yanwar 2023
Yryma ynanamok
k_25n
10 Yanwar 2023
yrymcylar 😌
arazow
10 Yanwar 2023
𝑮𝒂𝒕𝒚 𝒈𝒆𝒏𝒂𝒊 𝒎𝒍𝒅𝒔 👍
abdy_dayy
7 Yanwar 2023
olia, bilemokdym
olia
7 Yanwar 2023
ejem 40dan sona adamyn yashy sanalanok diyya😅
gulshatayewa97
7 Yanwar 2023
Aý yrym diýilýän zada ynanamok menä🤦‍♀️🤦‍♀️🤦‍♀️
abdy_dayy
7 Yanwar 2023
Bitter, hokman 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.