butterfly
07.01.2023 18:29
Halwany hekim iýer, şallagy ýetim.
***
Gördügiňi – ört, görmedigiňi – sözleme.
***
Her derdiň bir dermany bar.
***
Ertiriň gurdy, öýläniň tilkisi.
***
Gurduň gudasy köp, tilkiniň – dosty.
***
Daş – degene belli, ýol – ýöräne.
***
Hasdan pis dogar, pisden – has.
***
Agajyň pahnasy hem özünden öner.
***
Akmak it Aýa üýrer.
***
Göç gaýtsa, agsak ozar.
***
Geňeşsiz – iş, lezzetsiz – aş.
***
Bir göreniňi iki synama.
***
At «Basman!» diýen ýerine müň basar, Iş «düşmen» diýen ýerine müň düşer.
12
65
Myhman Myhman
9 Yanwar 2023
Aygul yazlyyewa gurdyn gudasy kop tilki dowdy gudacylyga cykylanda gurtmy till I diyilyadami soNdan gurdyn gudasy kop diyan bolaymasa. n
AýgülÝazweliýewa
7 Yanwar 2023
Gurtly we tilkililere düşünmedim-ä😄
AýgülÝazweliýewa
7 Yanwar 2023
Bir göreniňi iki synama👍🏻(adamlara degişli edip aldym)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.