Aýbaşy döwründe gormonlarymyz bilen näme bolýar?
Aýbaşy döwri ýetginjeklik döwründe başlaýar. Ýatgynyň içindäki endometriniň gan damarlarynyň ýarylyp dökülmegini öz içine alýar. Bu örtük, aýal göwreli bolmasa, tohumlandyrylan ýumurtga taýýarlanmak üçin takmynan 28-30 günden bir gezek ösýär. Tohumlandyrma ýüze çykmasa aýbaşy aýlawy dowam edýär.
Progesteron, ýatgy astynyň galyňlaşmagyna jogapkär aýal jyns gormonydyr. Bu örtük enäniň göwresindäki çagany goraýar. Tohumlandyrylma ýüze çykanda progesteron we estrogen gormonlaň bölünip çykma derejesi peselýär. Ol bolsa ýatgynyň diwarynyň dökülmegine sebäp bolýar. Androgen (erkek jyns gormony, ol aýallardada belli bir mukdarda öndürilýär, eger köp öndürilse erkek jyns alamatlary gyzlarda peýda bolýar) derejesi, aýbaşy aýlawynda üýtgäp biler.
Bu gormonal üýtgeme sebäpli derimizde ýerleşýän owunjak ýaýran ýag mäzleriniň aşa köp ýag öndürmegine itergi berýär we öýjükler dykylyp düwürtik emele gelmegine sebäp bolýar. Ýag mäzleriniň köpüsi saç follikulalarynyň düýbündedir. Bu mäzleriň derä açyk kanallary bolýar. Bu kanallar petiklenende bolsa düwürtik döreýär. Sebum atly bir madda ýag mäzlerinden bölünip çykýar. Sebum bu madda derini goraýar. Sebum gyljagazlaryň kökünden çykyp bilmese, ýygnanýar we düwürtikleriň döremegine sebäp bolýar.
Bu gurşaw bakteriýalaryň köpelmegi üçin örän amatlydyr. Bu bakteriýalaryň köpelmegi gyzarma, çişmäg we agyrylara sebäp bolýar. Ýokançlyk ýüze çykýar. Uzak wagtlap bu ýagdaýyň netijesinde düwürtik ýarylýar we düzümindäki bakteriýalar daşyna çykýar we zeperlenmedik ýerlere ýaýraýar.
Salisil turşusy gabyklaýjy serişdedir we çişmä garşy häsiýetlere eýedir. Deriňiziň ýokarky (öli öýjüklerden ybarat teňňeli) gatlagyny aýyrýar we düwürtik alamatlaryny azaltmaga kömek edýär.
Çaga dogluşyna garşy dermanlar
Käbir dogluş gözegçiligi dermanlary gormonal düwürtikleri bejermekde täsirli emma muny ulanmagyň ters täsirleri hem bardyr, meselem, deride gijelewük döredip allergiki reaksiýa berip biler.
Androgenlere garşy dermanlar bedende androgen derejesini kadalaşdyrýar we peseldýär. Androgeniň ýokary derejesi ýagyň aşa köp öndürilmegine sebäp bolup biler. Bu bolsa düwürtiklere sebäp bolýar.
Bellik: Berhiz üçin dermatolog lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň. Ýagly deriňiz bar bolsa, aýbaşy aýlawyna garamazdan wagtal-wagtal düwürtükleriň çykmagy ähtimal. Düwürtikleriň yzygiderli çykmagyny bejermek üçin dermatologa baryp görüň. Dermatolog düwürtik alamatlaryňyzy azaltmak üçin deriniň kremleri bilen bilelikde içmek üçin dermanlary belläp berer. Unutmaň bu Lukmançylyk ylymlaryny öwredýän makaladyr we lukman hassa gatnaşygyny döretmeýär. Bejergi üçin lukmana ýüz tutuň!