sahyrlar_we_men
06.01.2023 22:39
Gyzlaryma

Dört gyzym, dört nurly didäm,
Gulak goyuñ sözlerime:
Dört ogul dey, dört iner dey.
Kuwwat beriñ dyzlaryma.

Biriñ yazym, biriñ arzym,
Abadym, säherim meniñ.
Dört diregim, dört pasylym.
Baryñam baharym meniñ.

Dört pasylym, dört diregim.
Gündiz-günüm, gije-ayym,
Size giñ dünyede abray,
Miyesser etsin ylayym.

Namartlar kä mert yigde-de,
Nähak yere sylkat atar,
Ýöne welin gyz halkyna,
Olañ sözi has köp yeter.

Emma biliñ buysançlylañ,
Utdurany yokdyr heniz,
Lak atylar yeñleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.

Durmus duruñ ylalasyñ,
Ýöne ara düsen söze,
Orun berip köñluñizde,
Dyzap durmañ öyüñize.

Yigit kimin, bir är kimin,
Iliñ günüñ hosy boluñ.
Adyñyz-abrayyñyz bilen,
Bir hataryñ basy boluñ.

Oguldan yanyp yörenleñ,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diysin size yüze sylyp:
"Wah, gyz dogsa bolmayarmy!"

Ylhas bilen dileyärin,
Yüze sylyp günüm-ayym,
Size giñ dünyede abray
Miyesser etsin ylayym.

Gurbannazar Ezizow

14
106
sahyrlar_we_men
7 Yanwar 2023
gul_,okan bolsanyz bolya.
melek06
6 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
sahyrlar_we_men
6 Yanwar 2023
olia,Bitter, gyz diyen bilyardyñ sarigi yaly agyr bolmaly... Fudbol topy yaly yenil bolmaly däl, topy ol deper, bu deper...ahyr yarylar, soñ sol topa hiç kim eye çykmaz... (indem oylanysyp görüñ...)
olia
6 Yanwar 2023
Bitter,howwalay. Bagtly bol diyip gecibermek galya olar yaly adamlara😌
olia
6 Yanwar 2023
Bitter,eeeeee bu sozlerinizin hakykylygy sho derejedaa🔥🔥 bir gyz kldashym beter ozune gowni yetermendi bir sapar klasda yzyna dushen oglanlary sanap oturdy. Ony eshdip oglan kllaryn biri "Arzan malyn hyrydary kop" diyishi hijem yatdan cykmaz😂😂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.