Özümi barada uzyn uzyn gürrüň edip düşündirmek we dymmak arasynda gidip gelýärin. Hiç wagt tutuşlygana duýýanlarymy düşündirip bilmeýän. Düşündirsemem düşünilmejegini bilýänim üçin dymmagy saýlaýaryn. Hatda içimde birikdirenlerimi özümede düşündirip bilemok. Ýazyp ýazyp zyňýaryn hemişe, jümlelerimi jemläp bilmeýän. Birzatlar ugruna däl bilýän ýöne edil hemme zat ugrunda ýaly gezýan.
Kätede düşünjelerimiň arasynda ýitip gidýärin we käte pikirlenmekden gaçýaryn. Haçana çenli beýle dowam eder diýip soramaýan özümden. Sebäbi jogabyny bilmeýän. Diňeje bir gyra çekilip sessizje ugruna bolmaýan näme bar bolsa gutarmagyna garaşýaryn.