ir wagt bir ady belli gezende,
Ýaňy asman şasy guşluk galanda,
Dagda sataşypdyr gözi kör gyza,
Ömür boýy ýagtylyga zar gyza.
Perizat diýerden husna baý eken,
Gözellik babatda hemmä taý eken,
Ýigidiň oýanyp teşne duýgusy,
Şol gyza joşupdyr başky duýgusy.
Galamlar şol demde at a:tdan böküpdir,
Gelip gyz öňünde dyza çöküpdir,
Bagş edipdir horjun doly teňňesin,
Ýöne gyz ýigide berip iňňesin.
Şunuň bilen ýedi guýy gaz diýen,
Özümem göterip on ýyl gez diýen,
Üçünji şertimem şol gara daşy,
Başyndan ga:lmada ýaz tomus gyşy.
Gözüň ýaşy bilen eret diýipdir,
Soňra maňa höküm ýöret diýipdir,
Ýigit bitirende ilkinji şerti,
Ýyllar özgerdipdir ol aşyk merdi.
Öňki gara saçlar ga:ra dönüpdir,
Daş eräpdir gözler köre dönüpdir,
Arkasynda ýary idip atyny,
On ýyl aýlanypdyr dünýäň çetini.
Şonnan soň perizat diňläp böwrüni,
Rehmi inip aşygyna dözmändir,
Haýp,
Haýp, soňky tüýkülik sakgal ezmändir,
Nam nyşan galmandyr joşan söýgüden.
Olar wepat bolan elhenç gaýgydan,
Söýgüniň pidasy şol goşa mazar,
Entek enteklerem çekýärmiş azar,
Perizat diýenmişin: "Eziz joralarym.
Sizdenem bir wagt hasap soralar,
Ynanmazlyk edip ýakmaň ýaryňyz,
Çaky ýagşy goýuň gödek päliňiz",
Biperwaý garasaň ýaşlyk wagtyňa,
Bilgin badak atdykdyr öz bagtyňa...