violinist
05.01.2023 08:55
Gulagma saz bolup eşdilýär sesler,
Lallygym kalbymy iýdi eñretdi.
Ahyry notalar golumdan çekip,
Meni menden skripkam ýeñletdi.

Gijeler özümi ýalñyz duýmadym,
Sen bolup ýañlandy arfanyñ zañy.
Barmaklarmy gyjyklanda kirişler,
Unutdym kemlilik eçilen gamy.

Men sazlar döretdim söýgüme baglap,
Men sazlar döretdim söýgüm hakynda.
Añym içre jan bagyşlap keşbiñe,
Men sazlar döretdim söýgüñ hakynda.

Ynan yşgym señ baryñda güýjelen.
Sözler öñküsinden has-da süýjelen.
12
66
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.