butterfly
04.01.2023 21:28
Dün­ýä­niň iň uly at­la­ry.


Atlar owadan we güýçli jandarlar bolup, gadymy döwürlerden bäri adamlara ýakyn ýaşapdyr. Adamlar atlary eldekileşdirip, dürli maksatlar üçin ulanyp başlapdyrlar. Uly tohumly atlar ýük gatnatmakda we söweşlerde ulanylypdyr.

Dünýäniň uly atlarynyň
käbirleri barada maglumatlar:

Dig­ger (bo­ýy 1,96 m): Şot­lan­di­ýa­nyň äpet be­de­wi Dig­ge­riň bo­ýy 1,96 metr, ag­ra­my 1200 kg. Gün­de 25 kg ot iýip, tak­my­nan, 100 litr suw iç­se, özü­ni go­wy duý­ýar. Bu uly at Ang­li­ýa­nyň Şa aýa­ly­nyň at pol­ku­na ka­bul edi­lip­di.
Bruk­lin Sýup­rim (bo­ýy 1,98 m): bu äpet at 20 ýyl ýa­şa­dy, onuň ag­ra­my 1450 kg, bo­ýy 1,98 met­re ba­ra­bar bol­dy. Bruk­lin Ikin­ji ja­han ur­şun­dan öň Bel­gi­ýa­da ýa­şap­dy. Ila­tyň ara­syn­da uly meş­hurlyk gazanyp, ser­gi­ler­de we ýar­mar­ka­lar­da gör­ke­zil­di.
Kre­ker (bo­ýy 1,98 m): Ang­li­ýa­da “Kre­ker” la­kam­ly meş­hur be­de­w te­le­ýaý­lym ýyl­dy­zy ha­sap­lan­ýar. Bo­ýy 1,98 metr bo­lan bu atyň ag­ra­my 1200 ki­log­ra­ma deň­dir. Gü­nüň do­wa­myn­da 130 litr suw iç­ýär, kä­şir, ot iý­ýär we gan­dy go­wy gör­ýär.
Nod­di (bo­ýy 2,05 m): Nod­di­niň bo­ýy 2,05 metr, ag­ra­my bol­sa 1300 ki­log­ra­ma deň­dir. Ol şaýr to­hu­myn­dan­dyr. Bu to­hu­myň hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de, tak­my­nan, 2 müňden gow­ra­gy bar. Atyň şeý­le ulusyny sak­la­mak ga­ty gym­mada düşýär.
Dýuk (bo­ýy 2,07 m): 1310 ki­log­ram ag­ram­da­ky bu at ha­la­ýan ada­ty bol­ma­dyk al­ma­la­ry se­bäp­li çalt ös­ýär. At her gün­de 10 ki­log­rama çenli dä­ne ekin­le­ri­ni, tak­my­nan ýüz litre çenli suw iç­ýär. Aty bi­yn­ja­lyk ed­ýän zat gem­ri­ji­ler­dir.
Big Jeýk (bo­ýy 2,17 m): ABŞ-nyň Mi­çi­gan şta­tyn­da ýa­şa­ýan Big Jeýk Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­mek hor­ma­ty­na eýe bol­dy. Ga­ly­ber­se-de, bu hä­zir dün­ýä­de ýa­şa­ýan iň uly at. Dün­ýä­dä­ki iň uly at­lar sa­na­wy­myz­da üçün­ji or­ny eýe­le­ýär. Big Jeýk 11 ýa­şyn­da 2,17 met­re çen­li ulal­dy we ag­ra­my 2400 kg tö­we­re­gi.
Be­ýik Sams­pon (bo­ýy 2,20 m): XIX asyr­da ýa­şap­ geçen bu atyň ag­ra­my, tak­my­nan, 1520 kg, bo­ýy 2,20 metr bo­lup, şaýr to­hu­my­na de­giş­li­dir.
18
215
Marýam
5 Yanwar 2023
😯😯😯👍...
Zeýneb
5 Yanwar 2023
Ýaman uly eken 👍👍👍😍😍😍
Myhman Myhman
5 Yanwar 2023
👍👍👍govymy butterfly 🦋
melek06
4 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.