PERIM...
04.01.2023 21:26

BAGBAN WE ÝAZYJY

(Gysgaja hekaýalar)

Bir bagban adygan ýazyja ýüzlenip, şeýle diýipdir:
– Seniň hekaýalaryňy okadym. Olar maňa diýseň ýarady. Bilýäňmi, men näme hakda pikir etdim? Isleseň men saňa täze hekaýalary ýazmaga bäş-alty sany pikir bereýin. Olaryň maňa geregi ýok. Sebäbi, men ýazyjy däl. Mümkin, sen oňat hekaýalary ýazarsyň, kitap çykararsyň, pul gazanarsyň.
Ýazyjy oňa şeýle jogap beripdir:
– Gardaş, men saňa gowusy şu iýip oturan almamy bereýin! Onda oňat dänelerem bar. Däneleriň maňa geregi ýok, sebäbi, men bagban däl. Mümkin, sen olary ekersiň, oňat almalary ýetişdirersiň, hasylyny ýygnarsyň hem-de ep-eslije gazanarsyň.
– Diňle gardaş! Seniň dişlän almaňa mätäçligim ýok. Meniň almalarym hem, alma agaçlarym hem, özüme ýetik! – diýip, bagban gaharlanyp ugrapdyr.
– Onda, sen näme üçin, meniň pikirlerim özüme ýetmeýändir öýdýärsiň? – diýip, ýazyjy ýylgyrypdyr.

🌷🌷🌷

TERBIÝE

Bir täjir uzak ülkeden argyşdan öýüne dolanyp gelenden soňra, oglunyň başyna gidip, özüne hiç gulak asmaýandygyna göz ýetiripdir. Näme etmeli? Ol nähili hem bolsa bir alajyny tapyp, ogluny terbiýelemegiň ugruna çykmalydy. Mazaly oýlanan kakasy gapysynyň agzynda bir pürsi ýere dikip, oglunyň her bir ýalňyş hereketinden soň, oňa bir çüý urupdyr. Üstünden ep-esli wagt geçipdir… Kakylan çüýlerden ýaňa pürsüň ýüzi petir bezelen ýaly bolupdyr.
Kakasynyň maksadyndan habardar bolan oglunyň bu görnüş kejebesini daraldypdyr. Şondan soň, ol özüniň her bir hereketi, ätjek her bir ädimi hakda çynlakaý oýlanypdyr. Ol özüni edepli, oňat alyp baryp, ene-atasyna hem kömek edip ugrapdyr. Şondan soň, kakasy onuň eden her bir ýagşy işi üçin sütündäki bir çüýi sogrup taşlapdyr. Ogly muny görüp, has-da haýyrly işleri etmäge tagalla edipdir. Ine-de bir gün kakasy pürsden iň soňky çüýi çykarypdyr. Ýöne bu ýagdaý oglunda düýpgöter garaşylmadyk täsir döredip, ol aglap ugrapdyr.
– Indi näme üçin aglaýarsyň, görşüň ýaly pürsde hiç hili çüý galmady ahyryn – diýip, kakasy geňirgenipdir.
– Hawa, çüýler indi ýok, ýöne onuň yzlary welin dur ahyryn – diýip, ogly kakasyna gaýgyly seredipdir.

🌺🌺🌺

ÜMSÜMLIK

Bir ýola bir garry bagyň saýasynda dynç almak üçin dyzyny epipdir. Ol ýere garrynyň durmuş ýörelgesi we pikirleri bilen ylalaşmaýan birnäçe jahyl ýigitler hem ýygnanyp, ýersiz-ýere oňa yrsarap başlapdyrlar. Ýöne, garry özüni parahat alyp baryp, olara barmysyňyz hem diýmändir. Garrynyň özüni parahat alyp barmagy olary has-da öjükdiripdir. Oňaýsyz ýagdaý emele gelipdir: olar garry ruhanyny kemsidipdirler, ol bolsa sesini çykarman arkaýyn otyrmyş. Ahyr, olaryň biri garra habar gatypdyr:
– Bu nä boluş, how. Biz bu gepleriň baryny saňa aýdýarysmykak öýdýäs welin… ýa-da sen eşideňokmy?
– O nähili! Eşidýän! Hut eşidýänligim üçin hem ümsümligimi saklap otyryn-da. Ýigitler, siz bir zada düşüniň, meni kemsidip kemsitmezlik siziň öz işiňiz. Ýöne, siziň samsyklygyňyzy kabul edip etmezlik welin, meniň öz ygtyýarymdaky zat. Men olary inkär edýärin, sebäbi olar kabul edeniňe degenok. Siziň aýyplamalaryňyzy kabul etmeýänligim üçin, siz olary özüňizde saklap bilersiňiz. Şeýle-de, size meni kemsitmegem gadagan edemok. Bu siziň erkinligiňiz we hukugyňyz – diýip, garry parahat jogap beripdir. Soňra bolsa, ýylgyrypdyr-da, batlary gowşap ugran jahyllara ýüzlenip: – Elbetde, siz maňa hiç-hili zeper ýetirmediňiz, hiç-hili birahatlyk döretmediňiz. Bolmasa, bireýýäm menden şu taýagy iýerdiňiz – diýip, elindäki taýagyny olara gezäpdir-de, ýerinden turmak bilen boluberipdir.

🌷🌷🌷
12
43
ideallider
5 Yanwar 2023
Ýigitleriňä ýüregi ýarylandy taýak alanda karetestdi öýdüp 😄👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.