Özümi kän goýdum seniň ornuňa,
Mydam ýagdaýyňy düşünjek boldum
Çarkandakly ýoldan ylgap goýnuňa,
Ýedide ýykylyp, sekizde galdym
Juda howlukdym men,
gowuşjak bolup
Sensiz günleň ençedigne ökündim
Telim sapar itdim, yzyndan baryp,
Çydam etmän ýöreýşine sekundyň...
Geljek sary ýöriş etdim küýimde,
Ýolda ýoldaş edip, ynamy aldym
Ykbal gelip: "seňki bolmaz" diýende,
Gaharma dulugna bir şarpyk çaldym
Akylym, ýüregim - bary seniňki,
Almasaň - barybir şum ajal alýar.
Gussamy al diýmen, olar meniňki
Ýene şatlyk bilen dolansaň bolýar...!
Ylham GURBANALYÝEW