jemal_seyitniyazowa
04.01.2023 13:48

Bir ýetimiň hekaýasy.

Töweregimize garanymyzda çäresiz, kömege mätäç adamlary görüp bilýäris. Bular her ýaşdan bolup biler. Käbirleri bardyr heňiz dünýä inmänkä, ene garnynda başlar çilesi.
Ýetim dünýä inerler.

Käbirleri kakasyny, käbiri ejesini, ýene biri baýlygyny ýitirendir.
Ýöne olar bilen Allanyň arasynda hiç hili böwet ýokdur.

İne men hem size bir ýetimiň başyndan geçen wakasyny ýazyp okatmak isledim...

Bir iki ýyl mundan öň bir welaýatymyzda, arçynlygyň başlygydym.
Biziň baglanşygymyz bolan ýene bir başga üç etrabyň müdirleri meni başga bir etrabymyz üçin kömekçi tapmagym üçin buýruk berdiler.

Biz dört dost bolup birleşip meniň bilýän bir etrabymyza gitdik.
Öňünden biz üçin taýynlanyp goýulan myhmanhana ýerleşdik, şähere gelenimizi hiç kimiň bilmegini islemeýärdik.

Iň soňy dostlarym bilen men bu etraba ilkinji gezek gelýärdik. Ne olary tanaýadyk, ne de olar bizi tanaýardy.

Dostlar bolup hemmämiziň kanagadymyz birdi, syýasy we beýleki basgylardan hiçbirine boýun egmän hak edeni sylaglandyrmak.

Biz hem bilýärdik bu ýygnaga köp adam gatnaşjakdy we hökman içlerinden biri bir mesele bilen bizi rahatsyz etmek bilen boljakdy. Bu sebäpden hem biz has ünsli bolmalydyk.

Ol ýere ikindi wagty bardyk.
Hiç kime görünmän şäheriň biraz daşyndaky kenar obadaky, taryhy metjide gitdik.

Ikindi namazy okalypdyr metjidiň agzy boşdy. Osmanlylardan miras galan adamda täsin duýgulary oýarýan bu kiçiräk metjidiň gapysynda durduk.

Dört dost oturup täret alyp başladyk.

Maý aýynyň salkyn, gyzgyn howasy töwerege aýry gözellik goşýardy.

Aýaklarymdaky aýakgabymy çykardym welin aýaklarymyň öňüne kiçijek tahtadan ýasalan oturguç goýuldy.

Oturgujuň uzadylan tarapyna geň galyp seredenimde.

Ýüzüme ýylgyryp seredýän, orta boýly bugdaý reňkli we görmegeý diýip biljegimiz ýigrimi bäş ýaşlarynda bir ýaş ýigit bilen göz-göze geldim.

Utanjaňlagyň beren çekinjeňligi bilen;
"Men bu ýerlere belet, siz nätanyş adama meňzeýärsiňiz, namaz okaýan adama hyzmat etmek, Allanyň razylygyny gazandyrar. Alla kabul etsin." diýdi.

Ýaş ýigidiň çekinjeňligi özüni alyp barşy we bulardan daşary ýürekden kömek edişi hemmämizde uly täsir galdyrdy. Soradym:
"Sen kim?, adyň näme?"
"Adym Bilal, bu obada ýaşaýaryn".

Täret almagymy goýup ýaş ýigit bilen gyzyklanyp başladym. "Näme iş bilen meşgullanýaň Bilal?" Biraz durdy; ýöne ýüzündäki ýylgyryşy hiç goýman soragyma jogap berdi:
" Häzirlikçe işim ýok ýöne ýakynda işe girýärin".
Şeýle bir ynanyp aýdypdy muny,
"Nädip bolar ol?" diýdim.
Ajaýyp hem mähirli bir ýüz bilen:
"Üç günden soň" diýdi, "...

Müdirligiň synagy bilen kömekçi alynmaly.
Şol işe girmegi nesip eder inşaAllah!" diýmezmi?..
Men birden näme bilen garşylaşanyma geň galypdym.
İşe almaly adamlar bizdik.
Dostlarym hem indi Bilal bilen aramyzdaky gürrüňlere ünslerini beripdiler.
"Bolýar, Bilal" diýdim, " Bu döwürde işe girmek kyn, hem de gaty kyn!
Seniň bir ýerde okan hatyň barmy?
Mugallymyň kim?
İşe nädip girmekçi?"

Bilal mylaýym we ajaýyp haly bilen gürläp (bu halyny hiç unudup bilemok.), hemmämiziň üstümizde bomba täsiri goýup biljek ol sözi aýdyp göýberdi:

"Bir ýetimiň mugallymy kim bolar?
Meniň mugallymym Alla Tagalla.
Ol nähili ajaýyp wekildir.
Düýn gije oňa tewejjid namazyndan soňra dileglerimi aýdyp berdim.
Hiç bir ýetimiň dilegini boş goýarmy ol?"

Ýa Rebbim: Nähili işe tutulupdyrs?
Aglamajak bolup özümi zordan saklaýardym!

Gözlerimiň ýaşarandygyny oňa görkezmeli däldim akyp duran suwdan alyp ýüzüme serpdim.
"Bilal kakaň ýokmy?"
"Ýok men üç ýaşymdakam ölüpdir.
Ejemjan ulantdy meni".
Tämiz bir sadalygyň üstündedi.
Bütin aýdýan zatlaryny ýürekden aýdýardy.
Bu şeyle bir bildirýärdi welin ýüreginiň gözelligi  nur ýaly ýüzüne çaýylypdy.
"Gulluk borjuňy ýerine ýetirdiňmi Bilal?"
"Howa hem-de iň ulylary bolup".
İndi Bilaly has ýakyndan tanamalydym;
Çünki ol tanalmagy hälden hak edipdi.
"Öýlendiňmi Bilal?"
Birden gözleri ýere  düşdi.
Ýene ol ajaýyp duruşy bilen.
Utanyp sözüne dowam etdi;
"Öýlenen däl-de nikaly heňiz.
İnşaAllah işe girip girmän toýumy edern".

Ýene şeýle bir ynanyp gürleýärdi!
"Ýöne  Bilal sen üç günden soň boljak synag üçin şeýle bir ynanyp gürleýärsiň welin hamala synagy gazanan ýaly". diýdim welin..
Dymdy.
Başyny galdyrdy we gözlerini asmana dikdi derrew jogap bermedi, oýa batdy.
Ýüzüniň reňki bir agarýar,
bir saralýardy. Biraz wagtdan soň gözleri asmana bakyp durşy bilen sesine gizlinlik goşup şulary aýtdy:
"Men Rebbimi şeyle bir gowy göryärin, we ynanýaryn ol hem meni gowy görýär.

Söýen söýeni goramaz, kömek etmezmi?
Söýen söýenini ýüz üsti goýany görülipdirmi?"

Oňa diýer ýaly söz tapamokdym.
Bilal şeýle bir ýürek göterýärdi welin,
Alla Tagalla bizi uly uly müdirleri, Bilal guluna hyzmat etdirmek üçin aýaklaryna ugradypdy.
Kim müdir kim işçi boljakdy?
Bilal arzasyny iň beýik derejedäkiň öňüne getiripdi welin melekler herekete geçdiler;
Etraplar müdirler herekete geçdiler we bilelikde Bilal gulunyň aýagyna ylgamaga başladylar.
Çünki buýruk iň uly ýerden gelipdi.

Soramaga dowam etdim, içim titreýärdi:
"Bilal nikalyňy nireden tapdyň?
Bu döwürde hem ýetim, hem işsize kim gyzyny berdikä?"
Başyny aşak egdi we "dogry" diýip söz goşdy;
"Kyn nikalandym, Alla razy bolsun, gaýyn atam boljak adam, 'sözde Musulman' däl hakyky mümin. 'Bu döwürde namazynda nyýazynda bolan giýew nireden tapylar, hem rysky beren Alla'dyr' diýdi we gyzyny maňa berdi.
Rebbim ryskymyzy berer İnşaAllah."
"Bilal, seniň bu ýagdaýda ulanyp ýetişmegiňe sebäp bolan bir syr bardyr elbetde"
" Eger oňa syr diýiljek bolsa, howa bar.
Söýgüli ejemjan maňa hiç haram lukma iýdirmedigini aýdýar."
Bilal bir litseyde, üç ýüz kişiniň gatnaşýan ýazgyly synagyndan üstünlikli geçip biljek ýetmiş kişiniň arasyna girdi.
İndi bolsa biziň huzurymyza gelmelidiler.
We bizler, öňümüze goýulan, Arçynlar bilen hem, bütin ýazgylary bir gyrada goýup Bilal'yň ýazgylaryny iň öňe aldyk!

Şol güne çenli bizi görmedi we biziň kimdigimizi hem hiç hili bilenokdy.
Garaşylan gün gelip ýetdi.

Biz dostlar bolup bilesimiz gelýärdi öz garşysynda bizi görse nähili garşylyk bererdi?

Ady tutuldy, içeri girdi. Tolgunanyndan bolaýmasa, bize birden üns bermedi. Iň soňy egin eşiklerimiz üýtgäpdi.

Biz dymypdyk, ol hem kellesini ýuwaş-ýuwaş galdyrdy da bize seretdi.
Birden geň galan ýaly boldy, ýüzi gyzardy we gözleri ýere düşdi, men hem sessizligi bozdum we;
"Bilal, bizi tanadyňmy?" diýdim.
"Howa".
"Onda sen bize näme jogap berjek İndi?"
Aglamaga başlady we çaga ýaly hyçgyrýardy.
İndi biz hem çydap bilmedik, oňa uýduk.
Daňdanyň ýygnagynda hyçgyryklary bogazymyza düwünlenipdi.
Otag şeýle bir täsin howa bilen bürenipdi welin käbir manyly zatlara el bilen degmek mümkindi. Bilal ellerini Rebbine galdyrdy we:

"Ey Rebbim! Men halymy saňa aýdypdym, içimi saňa açypdym, indi bärde müdirlerime garşy utanç duýýaryn.
Eý Allam, men sen'den, başgasyndan islemezligi isledim.
Meni ýalňyz saňa mätäç eýle". diýdi.

Birden sessizlik boldy. Yzyndan gynançly bir ses bilen;
"Sizden haýyşt edýän bu ýerden çykaýyn" diýdi.
" Bolýar Bilal" diýdik, " Sag aman git. Alla işiňi aşyňy, ýoldaşyňy mäbärek eýlesin!". Alla'dan isleýänler myratlaryna ýetdiler, O'ndan başgasyndan islänler heläk boldular.
Alla Tagalla işlese bütin dünýäni Bilal'lara hyzmatçy eder. Emma Bilal ýüregine we sadalygyna eýe bolmak gerekli.
22
365
jemal_seyitniyazowa
21 Yanwar 2023
dusia_maksatmyradowna, düşünýän. okanyňyza begendim😊
Dusia
21 Yanwar 2023
🥺 bu hekaýa maňa öň okamasamda eştmesemde şeýle bir tanyş welin...
Myhman Myhman
9 Yanwar 2023
Gaty gowy 👍
Myhman Myhman
5 Yanwar 2023
gaty gowy minnetdar .size üstünlikl
dinim_yslam✨
4 Yanwar 2023
jemal_seyitniyazowa, indikilerde 😁👍🏻
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
tolgundyryjy
jemal_seyitniyazowa
4 Yanwar 2023
dinim_yslam✨, postda ýalňyşlyk bardy okan bolsaň duýdurardyň meni:)
dinim_yslam✨
4 Yanwar 2023
jemal_seyitniyazowa, 😁hehe dogrymy aytsam hawa okamandyma
jemal_seyitniyazowa
4 Yanwar 2023
dinim_yslam✨, diýmek doly okamansyň
dinim_yslam✨
4 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.