elhemdulillah
04.01.2023 12:27
Türkmeniň mukaddes saýýan namysyn,
On epläp üsdünden ädäýdiň "tik-tok".
Unutdyryp gerçek ýigitleriň jynsyn,
Arly gyzlarymyzy nädäýdiň "tik-tok".

Süýji dilli gyzlaryň agzynda kalýan,
Ownan ýigitleriň üssünden gülýäň.
Bizi nädip beýle täsire salýaň,
Ynsany sygyr dek idäýdiň "tik-tok".

Ahu sizde kaka, dogan bir barmy,
Ýa olaram gyzym öldi diýip ýörmi.
Ýa gulagy kermi, gözleri körmi,
Şu soragdan halys ýadaýdym "tik-tok".


Awtory: Kerim Hallyýew.


Tik tok-a girýäniňiz barmy?🙂
13
116
elhemdulillah
5 Yanwar 2023
Imissyou, owwa. Mn onki nikimde post goyup bolmada
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Tik tokda ýokdyr günä öziñdedir bar günä
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Nadip girmeli icine
elhemdulillah
4 Yanwar 2023
Mnä giremok.
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Hazirlikce giremok
mgm
4 Yanwar 2023
Giryan yone hic zat payalsamok 🙄👍🏻 gosgy👍🏻👏🏻
Dark
4 Yanwar 2023
Tik-toka girmekde ol adamyñ öz elinde girmemekde onuñ elinde.Giren girsin maña peydasam yok zýyanam yok.
Şaperi❄️❄️
4 Yanwar 2023
Like👍🏻👍🏻 giremok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.