butterfly
03.01.2023 23:19
Ykbalymmy sen.


Alnymda aý bolup dogan eý gözel,
Ýaşaýşym, durmuşym, ykbalymmy sen.
Ýüregimi weýran eden dünýäde,
Şatlygym hasratym, ahwalymmy sen.

Ýitirdim keşbiňi, gözledim garda,
Akja guşa dönüp uçduňmy ýa-da,
Ýada uzap ýatan aýsyz sährada,
Menzili görkezjek ak ýolummy sen.

Alyslara gitdim, bilmedim gitmän,
Gözledim derdime em etjek lukman,
Aýly gijelerde gözümi gyrpman,
Ýazan goşgularym, yhlasymmy sen.

Söýgiň gämisini suwa gark edip,
Gitdiň meniň durmuşymy terk edip,
Erkin alýan demim indi sanadyp,
Soňky duralgammy, ajalymmy sen.

Osman Aşyrow.
20
156
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Gowy gosky
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Berekella
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Gaty gowy
Myhman Myhman
4 Yanwar 2023
Gowy eken
lalahan
4 Yanwar 2023
Gowy gosgy berekella 👍😞
melek06
4 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻
Leýla💔
4 Yanwar 2023
GOWY goşgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.