jemal_seyitniyazowa
02.01.2023 19:42
Zenanlarymyz aglamasyn ýigitler,
   Külli älem aglar olar aglasa,
Eden-eýlänimiz bolmaz uğruna,
Naçarlaryň ýürekleri daglansa.

Muşakgat ýagdyrmaz dünýäniň ýüzi,
   Ezizleriň göwünleri awlansa,
Ýoklukdan bar eden barlygyň özem,
  Zenan gülse güler aglar aglasa.

Ajy gözýaş mähremlere ýaraşmaz,
Näzik ýürek ynjamasyn erkekden,
Bilýäňizä olarsyz ýok ýaşaýyş,
Boýun alyň ýeke zady erkek deý.

Zenanlarymyz aglamasyn ýigitler,
Üzülmesin dutaryndan kirişler,
Goşa taryň owazyna heň bersin,
Söýgiden döreýän näzdir kereşme.

Çekeliň olaryň näz kereşmesin,
Gyşyň doňun çözer olaryň näzi,
Güläleksiz, Gunçasyz, Bägülsiz,
Baharsyz baharlar ýaz etmez ýazy.

Bilmezlik nähak degäýsek göwne,
  Öz ýaşyny özi sylmasyn naçar,
Bagra basyp gözden sylalyň ýaşy,
Ýogsa öý-ojakdan bereket gaçar.

Zenanlarymyz aglamasyn ýigitler,
  Olar bezegidir içeriň-daşyň,
Şuny oýup ýazyň ýüzüne daşyň,
"Hasaby bar nähak dökülen ýaşyň".

Ýönekeý ýaş däldir, ol dökülýän ýaş,
Belki-de ol, misli hünjüdir, dürdür,
Dürler köp dökülse bir zady biliň,
Erkegiň barlygy-ýoklygy birdir.

Zenanlarymyz aglamasyn ýigitler,
Olar mydam biziň mährimize zar,
Aglamasyn käbe, gyz, dogan, ýar,
Aglamasyn namys, aglamasyn ar.

Awtory: Sädi Sädiýew.

22
87
Myhman Myhman
2 Yanwar 2023
gaty gowy,merhaba
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.