Hudaýsyzlar (bolan waka 11-nji jemleýji bölümi). Awtory: Nowça🌙
Şajan ýassygyň gyrasyn sökdi we içine elin sokup içini dördi. Ol bir zada eli ildi, ony alyp görse, maşynyň teh pasporty eken, howlukman açyp gördi, görse bir gyzjagazy gujaklap duran är aýal bardy.
- wah, päliýamanlar öziňizde-de gyz bar ekenä, birniň hojalygyn dargatmaga nädip wyždanyňyz çatdy hudaýsyzlar, maglyhlar , haýwandan azan nejisler, haýwanam degmedige degenok ahyry: - diýip hyrçyny dişledi.
Gahar beýnä urdy, gözi gyzardy, daňyň ataryna howlykdy, ol ýerinde aganap, aganap daňa golaý irkildi.
Düýşünde Mähriň
- Şajan, armanly goýmaý meni arym alyp beräý diýip aýtsa, Jemal
- doganjan,seniň ýüziň gyzartmajak bolup öýden çykman, gezip ýören halyma, ýeke ýere ýeke çykman otyrsamda iň soňunda düşen ýagdaýyma, kömek edäý, diýýän ýaly
ejesiniň, gyňajynyň ujy bilen gözýaşyn süpürüp durşy düýşüne girdi, ol aganap, aganap, gara basyp hopurganyp turdy.
Ýerinden turansoň hem ukudan açylyp bilmän ep esli pikir edip ýatdy.
Ertirligin çalak çulak iýip daş çykdy, özüniň nirä barýanyny özi hem bilenokdy.
Maşyny şol aýdylan ýylgynly oýa sürdi, ol o taýyk baryp bir laý göz gezdirdi, o taýda oturyp ýeke özi aglady we hyrjyny dişläp ýerinden turduda, dosty Durdulara gitdi. Ol dostuny tapyp bar zady oňa bolşy ýaly aýtdy we teh pasportyň üsti bilen ony gözlemäge kömek etmegini haýyş etdi.
Durdy dostyn ýeke goýmady, onuň tanyş dostlarynyň biri hukuk goraýjy bolup işleýärdi, onuň bilen maslahatlaşmany makul bildiler.
Olary tapmak gaty kyn hem bolmady, Durdyň dostunyň üsti bilen ol iki sany hudaýsyzy tapdylar.
Olaryň biri ýaş gyz zorlanma günäsi bilen we bir ölim günäsi bilen 25 ýyllyk tussaglykda ekeni, maşgalasy bolsa ony näletläp öýin taşlap gidip başga birne durmuşa çykyp gidipdir, beýlekisin bolsa tapmak kyn düşmedi.
Durdyň dostunyň kömegi bilen, teh pasporty we telefon ýazgylar bilen onuň günäsin ýüzine goýuldy we adam ölümi we zorlamak bilen uzak wagtlyk gözenegiň aňyrsyna dykyldy.
Şajan Durda we onyň dostuna uly minnetdarlygyn bildirip, uly uly alkyşlar okady.
Ondan soň Şajanyň düýşüne hiç wagt aglap, ne jigsi, ne gelni ne-de ejesi girdi.
Ol indi azajyk arkaýynlandy.
Aradan esli wagt geçensoň Şajan çagalaryn daýzalarynda goýup daşary ýurda gitdi.
Ol o taýda gaýbana okap daşyndan işläp başlady.
Ol şol ýerde bir okap ýören gyz Şirin bilen tanyşdy. Şirini Şajan gowy gördi, Şirinde ony halady. Olar bir ýyllap halaşyp gezdi we şol ýerde kiçiräk kursdaşlaryn çagyryp toý etdi.
Olar okuwlaryn gutarýança 5 ýyllap daşary ýurtda boldular.
Şol aralykda Şajanyň ýene ekizjeleri dünýä indi, bu gezek bir gyz bir oglan boldy, Şiriniň özide ekiz gyzlaryň biridi.
Birinji çagasy hem ekizje boldy.
Olar ýurda gelende Şajanyň ilki ekizjeleri mekdebe gatnap ýördi.
Şajana ýene bagt gülüp bakdy, öýi dolup durdy indi öýinde çagalaryň gülküsi esli ýere ýaňlanyp girýärdi...
Bagtly durmuşyň hözirin görmek her kişä nesip edsin
~~~~Soňy~~~~
Şajanyň gürrüň bermegi esasynda ýazyldy.