Maýa06
01.01.2023 19:01
Hudaýsyzlar (bolan waka 9-njy bölümi).
Awtory: Nowça🌙

Şeýdip baýdak ýaly gelin elden gitdi.
Şajan Mähriň aşyn suwyn bir kemsiz berip , sowdy.
Öý boşap galdy. Mähriň aýal dogany ekizjeleri öz ýanynda äkedeýin, goý olar bizde ulalsyn, seniň işiň ýatymlyk bolansoň, bulara kim göz gulak bolsun.
Soň hem Şajan, ýaman görme welin jigimjanymyň ojagy boş durmasyn birin tapda öýlen
- Ýok, Senem gelneje men entek öýlenmek barada pikir etmedim,Mähriň guburynyň gumy solmanka öýe uzyn etekli getirip biljek dal, gerekdäl, häzirlikçe jogabym şol diýdi, çagalara göz gulak bolaryn diýen sözine welin uly minnetdarlyk bildirýan:- diýdide Wepa, Sapany daýzalaryna ugratdy.
Öýde ýeke özi galdy. Ýatylýan otagyna girip ýataýyn diýip ýerine geçip, geçen günleri aňynda aýlap oýa gitdi Mähri bilen ilkinji tanşan günlerin ýatlady, gullukdaşynyň toýy, olara baranda ilkinji gezek gözine kaklyşan gyzyň seredişi, nädip özini maýyl edişi, ömür söýgä ynanmaýan ýigdiň öýe gelensoň düýşlerinde diňe Mährini görşi, onuň ýanda gepläp bilmedik ýigdiň düýşünde Mährä gezek bermän gepleýşi, Mähri bilen eden toýy, ekizjeleri bolanda, çaga dogulýan bölümiň, daşynda, bölümiň işgärleri ,
-gelniň, bäbejikleriň, gowy bar öýňize gaýdaý diýselerde, gyşyň içinde çaga dogulýan bölümiň daşynda, her gelene ekiz oglum boldy diýip buşdulap çykyşy, ekizjeleriň öýe çykarlanda ýanyndaky bar pulyn şepegat uýalarynyň üstünden, Mähriň üstünden seçişi, Mähriň eline ýapyşyp
- Şajan, indi boldy edäý seçip çykdyňa, her bir gören ak halatlylaryň üstünden, diýşi, köpüň içinde Mährini gujaklap aglaýşy, aý garaz ekizjeleri bolanda bolmajy bolup şatlygy asmana galşy, ýerde däl asmanda gaýyp ýören ýaly bolşyn ýatlap irkilenni duýman galdy
Näçe wagt ýatanyny bilman birden Şajan tisginip turdy we
- Mähri, jan berjek bolyp ýatyrka, bir syrym bar, diýen sözi ýadyna düşdi.
Mähri şonda maňa näme aýtjak bolduka, Allajanlarym Mährimiň menden gizlin nämesi barka, iýjegi geýjegi ilden kem etmedim, ol maňa näme diýjek bolduka? - diýip bar oý pikiri şol syr boldy.
Şajan birden saklandy. Ol Mähriň telefon diýen sözin ýatlady we - ihhh, Mähri telefon diýdi welin, ol telefonda bir zat ýazan bolaýmasyn diýip Mähriň telefonyny gözledi.
Hemişe goýýan ýerinden tapman, Senem gelnejem öýi ýygnanda bir ýerik salan bolaýmasyn diýip öýi dörüp çykdy. Ahyr tapman Seneme jaň etdi
- Alooo
- Şajan gowymy ýagdaýyň
- Salawmaleýkim, Senem gelneje Wepa Sapa size azar bermän oýnap ýörlermi
- hawa arkaýyn bol Ataşjanyň ogullary bilen, olara garyşyp gitdi
- neme-le, Senem gelneje, öýi tutuş dörüp çykdym, Mähriň el telefony bir ýerik dykana dälsiňdä
- waý Şajan men ony ýatylýan otagyň, mele şkafyň ýokarky gözüniň gapdal çekmesiniň gyrajygynda ýalyga dolap goýdum. Üşmeleňde çaga-balalaryň biri oýnaýmasynlar diýdim
- bolýa gelneje, sagboluň, zerur gerekdi şondan soradym
- bolýa, onda sagboluň
- sagbol
Şajan telefony goýan dessine, ýatylýan otaga baryp Mähriň telefony aldy.
Görse onyň zarýady, çöküp galypdyr, wah içgaragalmyş diýip ony zarýada goýdy.
Doly zarýat alşyna hem garaşman bäş, on minut goýdy-da, telefony açdy
Ýazgylar papka girip Mähriň zapisin diňlemäge durdy...
- Şajan, ezizim, ömrum,diregim,ýüregim,meni bagyşla ,janym , Men senden bir syry gizlap gezdim , ony özim bilen gabra äkitjekdim ýöne meniň wyždanym çatmady we edil seniň ýüzüňe durup men bu syry aýdyp biljek däldim.
Hiç bir zenan meniň düşen günime düşen wagtynda ömür ýanýoldaşyna aýdyp bilmez öýdüp pikir edýän....
Gapy kakyldy. Ol telefony öçurup bialaç gapyny açmaga ýöredi. Içini bolsa it ýyrtýardy diýleni, çagyrylmadyk myhmanyň kimligin bilmek üçin gapa ýöredi..

Hudaýsyzlar (bolan waka 10-njy bölümi).
Awtory: Nowça🌙

Gapyny açyp seretse mekdep dosty Durdy gelipdir
— Oýýýý dost, sizem görmek bar ekeni
- ölmede ýit diýleni dost, hany gir içerik
Şajan dosty bilen gadyrly salamlaşyp ony öýe saldy, oňa çaý çörek berip saçak ýazdy
Durdy
- başyňa düşen ähli ahwallary öýdäkilerden eştdim dost, bolmandyr özä welin eýesine gerek bolsa bendesi neýlesin diýipdirler. Eýesi gerekländirdä dost, yzy ýarasyn, näme diýeli,
Şajan
- ilki jigim, soň ejem indem gelnim, hudaý tutmasyn diýleni boldy özä dost
- mert bol, çagajyklaryň jany sag bolsun, dogrudan-da hany olar
- daýzalarynda özim serederin
diýip alyp gitdi.
Şajan dosty bilen ondan mundan gürruň edip otyrdy we
Durdy
- Şajan diýýana indi men turaýyn, wagt hem giç boldy, senem ýatyp dynjyň al diýdi
- dost, sylap geleniňe sagbol, Alla ýalkasyn
- bile ýalkasyn, dost
Soň Şajan dostuny ugradyp, ýatylýan otaga gaty-gaty ýöräp gaýtdy.
Ýerine geçip, Mähriň telefony açdy
- Şajan, ezizim, ömrüm, diregim, ýüregim, meni bagyşla, janym. Men senden bir syry gizläp gezdim, ony özim bilen, gabra äkitjekdim, ýöne meniň wyždanym çatmady we ol syry edil seniň ýüziňe göni duryp men aýdyp biljek däldim. Hiç bir zenan meniň düşen günime, düşen wagtynda, ömür ýanýoldaşyna aýdyp biler öýdemok, aýdaýanda-da ýanýoldaşy dogry düşüner öýdemok.
Şonuň üçin hem ol syry telefona ýazgy etdim.
Men, ol kemsitmäni içime salyp, salyp bir kesel tapynanmy bilýan we ömrüm uzaga gitmejegin eşdemsoň saňa bar zady aýtmagy ýüregime düwdim.
Şajan, şol toýdan gelýäkak, biziň düşen ýagdaýymyz, ol iki sany taksi sürýän, hudaýsyzyň eden işidi.
Biz onda olardan gorkujymyza ne maşyn nomerin bellapdiris ne-de olaryň salgysyn. Wagşylyk bilen Jemala eden işleri, hiç gözümden gitmedi, Jemalyň naýynjar, gelneje kömek edäýdäää, degmäýiň maňa jan dogan ,,diýen sözleri gulagymda, şol ýaňlanyp durdy
Jemaljan ol kemsitmäni ýüregi göterip bilmän, öz janyny orta goýdy, Jemalyň ölümi ejeňe agyr degdi, oda gan basyş birde beýgelip birde peselip, kelle beýnä gan aýlynşygy ýetmän aradan çykdy. Bu zatlaryň düýp sebäbi, şol iki hudaýsyzdy, olar Jemal bilen ikimize el degirdi.
Olaryň betniýeti amala açdy. Hatda men olara Jemala degdirmejek bolyp tutyş bar gyzyllarym, hödürledim, olar ne pula ne-de gyzyla seretdi.
Nowça ýaljak gyz barka, çynar ýaly gelin barka biz olary näme edeli diýip topuldy we bizi şol ýylgynlyga, ýylgynly oýa taşlap gitdiler.
Ezizim, maňa dogry düşünaýdä, janym. Jemal janyna kast edensoň mende ol nejislerden ar almak pikir döredi, ýöne nädip, hiç ugrun tapmadym...
Şajan ýerinden turup bir kofe taýynlap geldi.Telefony täzeden açdy
- ezizim, bagyşla meni, ýüregimdäki gara tegmili näme bilen süpürüp aýyrjagym bilmedim, bagyşla, ol zatlary içime salyp bir kesele duçar boldum, mende göreşere güýç galmady.
Şajan, meniň ýatýan ýassygymyň içinde, onuň gyrasynyň tikinini sök, ortarasynda bir zat badyr, şony al, men ony ikilenji gezek şol ýere baryp Jemalyň telefony almaga baramda tapdym, belki şol zadyň üsti bilen Jemal, ikimiziň arymyzy alyp berersiň...
Şajan, tarsa ýerinden turdy we aýdylan ýassygy eline aldy....

Dowamy bar


27
200
melek06
6 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Maýa06
1 Yanwar 2023
Has giňişräk ideallideriň bir postunda düşündirilendir
Maýa06
1 Yanwar 2023
Myhman Myhman, registrasiya boljak bolsaň ilki bilen registrasiýa sahypa gir soň ulanyjy adyňy ýazmaly we barlag etmeli elýeterli bolsa dowam edibermeli diňe kiçi harplar bilen ýazmaly öz adyňa açan gmail adresiň ýazýaň we parolyňy ýazmaly ýene paroly gaýtala we registrasiýa bas sonra gmail programma girip öwrenmeliden gelen poçtadaky linke bas we hasabyňy tassykla sonra Öwrenmeli programma girip poçtaňa gelen ulanyjy adyňy we parolyňy ýazyp içeri girip bilýäň
Myhman Myhman
1 Yanwar 2023
Mn adymy nadip uytgedip bilyanayyy myhman myhman mana byrhili gelyaaa
Maýa06
1 Yanwar 2023
Myhman Myhman, ok no problem:)
Myhman Myhman
1 Yanwar 2023
Awtory Nowca dp yazygam eken sorry me please.Okamadymda shotayjygyny
Myhman Myhman
1 Yanwar 2023
Oki very good poem
Maýa06
1 Yanwar 2023
Myhman Myhman, salam men özüm ýazammok awtory Nowçadyr
Myhman Myhman
1 Yanwar 2023
Slm sn muny ozun duzyanmi ya prosta tak yazyanmy???
Maýa06
1 Yanwar 2023
Myhman Myhman,sag bol ☺️şu gün başagaýrak bolup goýup bilmedimdä häzirem 12 de iň soňky bölümi goýaýaryn :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.