Maýa06
31.12.2022 00:14
Hudaýsyzlar (bolan waka 7- nji bölümi). Awtory: Nowça🌙

Ol barmana uzyn ýazylan sms-e gözi düşdi.Onda
— gelneje, bu men Jemal.
Siz bu haty okaňyzda men ýa bolaryn ýa ýok onçasyny bilemok,ýöne men indi bu dünýede ýaşasym gelenok.
Size meniň telefonym getirip beraý diýen günim siz gitdiňiz welin joram Gülbahar geldi.
Sähet maňa jaň edip, jaň edip halys ýadansoň jorama sms ýazypdyr.
Şol näme üçin jaňy alanok, jany bir sagmy, ýa başga ýigit tapana däldir-dä herna, barda ondan sorap ber, we şo taýdan maňa jaň et: - diýipdir
Joram hem öýe geldi. Men Sähede ýaraman ýatyrn, agyr dümewledim diýdim.
Biz kän gürleşdik. Men oňa ýaman bar zady aýdasym geldi. Ýöne onuň nähili kabul etjegin ilki barlap görmelidim. Soňam ol gullukda, özine bir zat edäýmesin diýip hem gorkdym.
Men soň Sähede
-janym, eger men şu wagt başga birine durmuşa çyksam näderdiň:- diýip soradym
- göni senem öldürerin özimem:- diýip jogap berdi
Soň men ondan
- janym, eger maňa keseki bir adam topulaýsa ,öýe, milese aýtmaga, ile güne gep bolmaz ýaly derejede mende waka bolsa onda näme ederdiň diýdim
- gidip özimi asardym - diýdi
Gelneje men näme edeýin, ol maňa göni şeý diýdi, men oňa erteki gün näme jogap bereýin, öýden daşa çykmadyk halyňa bu zatlar nädip boldy diýse, häää näme diýeýin.
Men şol wakadan soň özim bilen däl, içimiň ýanşyna, hatda saňada aýtmaga mende güýç ýok, içim döker ýaly bolmadyma men, gül ömrümi bäş minudyň içinde küle öwürdiler ahyry naýynsaplar, hudaýsyz mahlyklar.
Jan gelneje, eger men bu dünýede bolmasam Sähet gelende oňa hakykaty aýt, goý ol meniň häzirem ony söýýänligim bilsin, men ony mydamada söýerin, özümdäki gara tegmili oňa degirmage welin meniň wyždanym çatmady. Men indi oňa mynasyp dal. Meniň mynasyp adamym indi bolmaz. Men sizi gowy görýän, ejem, doganym, siz, jiglem Sähet, siziň baryňyz meniň üçin bir ýüpüň ugruna düzülen ýaly maňa juda juda gerekdiňiz. Men ony söýýän. Ol ýene sanlyja wagtdan gullukdan gelmeli. Men onuň ýüzüne seredip bilmen, ondan name üçin ýüz öwürenimi hem oňa aýdyp bilmen. Şonuň üçin gelnejejan men bu dünýäni terk edýän. Görüp ýananymdan ölüp gidenim gowudyr ýene. Sagbol mähriban uýam..
Mähri duran ýerinden dyzyna çökdi we ýene aglap başlady. Bu zatlaryň bar sebabi şo elhenç waka. Jemal oňa döz gelip bilmedi. Döz geler ýaly hem däldi, wyždanyň etiňi iýip barýardy.
Ol birden bir zat ýadyna düşen ýaly, ýatýan ýassygynyň bir gyrasyny söküp içine elini sokdy. Ol o taýda adam gara göräýmesin diýip gizläp goýýan şol teh pasporty eline aldy we bar pikir oýy ar almaly diýip kellesine aýlady...
Ýöne nadip başlamaly we nirden gözlemeli hiç pikirin jemlap bilmedi. Ol göni baryp polisýa aýdasy geldi olaň berjek öliň soragyndan welin özi utandy çekindi ile güne gep bolmakdan, gorkdy we ýene ol teh pasporty ýassygynyň içinde gizlap goýdy.
Jemalyň gaýyn enesi gyzynyň ölümine çydam edip bilmedi ol Jemalyň alty aý belli gün sadakasyna çenli gan basyşynyň beýgelmegi keseli boýunça bu dünýeden tarpa taýyn ötdi.
Indi Mähri öýde çagalary bilen galyberdi Şajan bolsa şol 15 gün öýde 15 gün işde bolyp işläp ýördi.
Mähri soňky döwür köp ýatmany çykaryp ugrady. Şajan ony lukmanlara görkezende bagrynyň çişligi we sarygetirme keseliniň barlygyn ony hassahana bergisinde uzak wagtlap bejermegiň zerurdygny aýtdylar. Bejerilmän galsa sarygetirmäň ýapyk görnüşine geçäýmek howpy mümkindigni aýtsada, Mähri bir hepde ýa ýatandyr ýa ýok ol hasahanadan öýine gaçyp gaýtdy. Ol öýde öziçe dermanjyklaryn içen bolup ýördi. Ol gün geldigije saralyp solup barýardy, göwresinde galan çagany hem aýyrmaly boldy.
Ol bar zady içine salyp, içine salyyp içine kitüw boldy.
Günlerde bir gün ol öýleriň işin edip ýörkä öýiň içinde birden ysgyndan gidip çaşýar. Süýt almaga gelen goňşusy ony görüp tiz kömegi çagyryp hassahana ugratýar Mähri wagty bilen özine gelmänsoň Şajana habar edilýär.
Mähriň bolsa şol ýatyşydy.
Lukmanlaryň öýňize äkidäýiň, bizlik iş etdik, indi urlan dermanlar ýaranok, öýde ýakynlarňyzy çagyryp jemleniberiň diýeňsoň Şajan ony hassahanadan öýine alyp gaýtdy.
Öýde ony 3-4 gün derman bilen towuk çorba bilen sakladylar. Bäşilenji diýlen gün Mähri bar güýjin jemläp Şajany öz ýanyna çagyrdy we
- ezizim, men size bir zat aýtmaly:- diýdi
Şajan
- müň zat aýt Mährim ýöne meni bu dünýede ýeke goýma sen, men indi ýüregim göterenok
- Men bu syry özim bilen äkitseň hem bolardy ýöne içime salyp salyp halys guradym
- o nahili syr, aýt hany eşdeýin ...


Hudaýsyzlar (bolan waka 8- nji bölümi. Awtory: Nowça.
— ol nähili syr, aýt hany eşdeýin
Ol barmana şepegat uýasynyň näsagy gepletmäň çykyň ýandan çykyň ,çykyň diýensoň Şajan ýerinden turdy.
Halys ysgyny bolmadyk Mähri eli bilen onuň elinden mäkäm tutdy we
- çagalaryma gowy seret, hor homsy etme,haýyş hemde talap senden, meni razy etjek bolsaň olary saňa goýýan, olaryň senden başga hiç hili hossary ýok
- Mähri beýdiýmesene ezizim, sagalarsyň, oňat bolarsyň, nesip bolsa, olara öziň seredersiň meni ýeke goýma janym, sensiz maňa bu durmyş gaty kyn bolar
- meniň bärimden aňyrym ýakyn ýaly
- ýaňy şepegat uýasy girmaňkä bir zat aýtjak boldyň ,name aýtjak boldyň
- Şajan: - zordan demi gelýan Mähri gözini çalaja açyp diňe
- telefonda: - diýip bildi
Ol barmana Şajany
- boldy agam çykmaly daşary, ozal hem köp gepletdiňiz diýip ony daşary çykardy
Şajan daşary çykansoň sähel salymdan lukman onyň eline bir kagyzy berip
- şu dermany tizräk tapyp gelmeseňiz barde ýok, sentralnyý aptege baryp sorada alyp geliň tizräjik
- bor agam, sagaljakdanmy bir, ýüzi gözi sapsary boldy
- ol Allaň işi biz öz etmeli zatlarmyzy edýäs, sagalar nesip bolsa, ýöne kesel gaty ötüşipdir, näçe wagtlap ýüze çykman, bagryndan zat galmandyr diýen ýaly
- taňňyrýalkasyn lukman, sizem gaýrat ediň
Lukman baş atyp öz işi bilen boluberdi.
Şajan onuň ýazyp beren hatyn alyp merkezi dermanhana gitdi. Aralygy daş bolansoň oňa epesli wagt gerek boldy. Ýolam näme baran köçesi probkady, saklanmaly garaşmaly ýeri hem bolupdy.
Sagaman dermanhana baryp diýen dermany alyp renimasiýa gelende, mundan öň derman alyp gelende, şepegat uýasy ylgap öňünden çykyp getirdiňmi dogan diýip derrew dermany alyp girýärdi.
Bu gün bolsa onuň öňinden çykan bolmady.
Ol Allajanlarym bir gudraty görkezäýdimika, indi derman gerek däl hem boldumyka, Mährim bir sagaman gowy bolyp öýe bir dolansa, bu ýyla bize örän agyr geldi, hiç kynçylyklardan baş alyp soňuna çykyp bilmedim, çagajyklarym maňlaýyna, onuň bir demine degmese bolýar, Alla güýç kuwwat beräýedida :- diýip içini hümledip renimasiýa işigine geldi.
Gapyny kakaýyn diýip durka şepagat uýasy
- geldiňmi dogan
Şajanyň ýüzi açylyp gitdi. Allajanym Mährim ölmändir ekeni, şepagat uýasa öňümden çykdy diýip begendi.
Ol barmana elindäki dermany uzatdy.
Şepegat uýasy
- sizi lukman çagyrýar, dermany hem şoňa beraýiň: - diýdide ýüzün sazlap geçip gitdi
Şajan
- waaaaah bolmadow, lukman çagyran bolsa, oňňulyga däldir, ýa ýene derman gerek boldumyka diýip içini gepledip lukmanyň otagyna girip gitdi
Lukman öz işi bilen başagaýdy.
Ol Şajanyň girenni görüp işin goýup oňa gabat garşysyndaky otyrgyja geç diýdi.
Şajan bir zadyň bolanny aňdy we sesin çykarmanjyk aýdylan ýere geçip oturdy.
Lukman
- inim, bizem elimizden gelenni etdik, ýöne kesel gaty ötüşipdir, sarygetirmaň agyr howply görnüşi, türkmençilikde ýapyk saraltma diýip eştdiňmi
- hawa
- ana, şoňa geçip gidipdir, bizemä jan etdik, tapdyrmaýan dermanlara çenli tüweleme tapyp getirdiň, şondada ony elimizden aldyrdyk. Giň bolyň,mert dur:- diýdide Şajanyň egnine elini goýdy.
Şajandan bolsa hiç hili ses çykanokdy.
Ol barmana tiz komek maşynyň lukmany içeri girdi we
- näsagy nirä äkitmeli
Şajan sesin çykarman ýerinden turup ol lukmanyň yzyna düşüp gitdi.
Maşyna gelip öý salgysyny berdi we öz maşynyň yzyna düşüp gitmeklerin aýdyp, maşyna ýöredi
Tiz kömek maşyn ýöredi. Ýolda Şajan ekizjeleri bolanda Mährini tiz kömek bilen öýe äkiden güni ýadyna düşdi. Durmuşyň şatlykly günleri bilen hasratly günleriniň arasynyň juda-juda ýakynlygyna göz ýetirdi. Ýöne ol mert bolmalydy, çagajyklaryna ejeňizi alyp geljek diýen sözi ýadyna düşdi, indi men olara näme jogap bererkäm: - diýip hyrçyny dişledi.
Alaç ýokdy. Çagalar hem öz gününe kaýyl bolmalydy, olaryň ejesiz ulaljagyna ýüregi gyýym gyýym boldy.
Maşyn oba golaýlaşdygy saýy der basdy. Howla sowanda howlyň içindäki agy sesler, şemal bilen obanyň çar ýanyna ýaýrap girýärdi. Her kim eşdip bulara ylgap diýen ýaly gelýärdi.
Baýdak ýaly gelin elden gitdi...

Dowamy bar..
28
211
melek06
6 Yanwar 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Myhman Myhman
1 Yanwar 2023
Yzy hacan cykar
Maýa06
31 Dekabr 2022
Myhman Myhman,sag bol ☺️
wolf
31 Dekabr 2022
Myhman Myhman,sagja bol
Myhman Myhman
31 Dekabr 2022
Саг бол уям коп коп эллерне гуван овренмелидакилерин хемманизи бутин туркмен илими тазе йыл байрамы билен гутлаярын жаныныз саг болсун тутян бейик ишлерниз амала ашсын аллажан асдан жумаев 1963 0607.
jemal_seyitniyazowa
31 Dekabr 2022
Agaç ata mündürerler. Gelmez ýola göndererler. Hol barýan ýaryň diýseler.. dönmenem begleer
dinim_yslam✨
31 Dekabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻😔....
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.