Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Täze ýylda ýüzüňizde ýylgyryş we ýüregiňizde söýgi egsilmesin. Ýakynlaryňyz bilen bagtly, agzybir we asuda Täze ýyly garşy almagyňyzy we bütin ýyly gözellik bilen geçirmegiňizi arzuw edýärin! Ýalňyşlyk goýbermeýän adam adatça hiç zat edip bilmez. 2023-nji ýylda - ýalňyşlyklaryňyz az we üstünlikleriňiz köp bolsun! Bosagada - 2023-nji ýyl! Goý, geljek ýylyň her bir güni bagtyýar pursatlara beslensin. Durmuş size elmydama garaşylmadyk şatlyklary bagyş etsin! Ýakymsyz ýatlamalary alamatlandyrýan köp zatlardan mümkin boldugyça daşda duruň! Täze ýylda olar bilen hoşlaşyp, ornuny täze, ýakymly ýatlamalar bilen dolduryň! Täze ýylyňyz älemgoşaryň reňkleri ýaly janly we owadan bolsun. Maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen wagty bagtly we ýakymly geçirmegiňizi arzuw edýärin! Aý, gün we ýyldyzlar ýaly arzuwlaryňyz hemişe şöhle saçmagyny dowam etsin. Goý, geljek Täze ýylda kynçylyklaryňyz çäge zerresi ýaly kiçi, bagtly günleriňiz deňiz ýaly uly bolsun! Gözleriňizden diňe bagt gözýaşlary aksyn! Geljek ýyl öýüňiziň gapysyny ilkinji bolup söýgi, üstünlik we bagt kaksyn! Her bir Täze ýyl, aslynda, başymyza gonan bagt guşudyr. Ondan islän köňül küýseglerimize gowuşmak özümize bagly. Täze ýyl arzuwlaryňyzy hasyl edýän ýyl bolsun!