Hudaýsyzlar (bolan waka 5- nji bölümi). Awtory: Nowça🌙
Maşyn saklandy. Mähri maşyndan düşdüde Nurmyrada şu ýerde garaş diýip özi ýylgynlygyň içine sümüp gitdi.
Nurmyrat hiç zat sorama diýlensoň, ol sesin çykarmady. Maşynyna mündi-de Mährä garaşyp otyrdy.
Mähri şol ýylgynly ýere geldi.
Maşyndan düşüp batly ýöräp gaýtsada ýylgynyň ýanyna ýetip barýaka sakga saklandy we haýaljakdan ýöräp ugrady.
Ol ilki göni Jemaly süýräp alyp gidilen ýerine bardy, eýläk beýläk seredişdirdi. Telefona gözi düşmedi, çäge zat gömen bolaýmasyn diýip çägäni hem eýläk beýläk edip gördi. Birden ýylgynyň gapdalynda ak zada gözi düşdi. Ol baryp görse Jemalyň telefony, onuň zarýady çöküp gidipdir, gumlaryn kakyşdyryp ony ýanyndaky kiçijek sumkasyna saldy.
Yzyna dolandy. Özini ýylgyna berk dirap saklanan ýerine geldi, görse o taýda ol hudaýsyzlara gyza degme diýip hödürlän zynjyry güniň ýagtysyna ýylpyldadyp durdy, ol hasyr-husur zynjyryny aldy we onyň gapdalragynda iki ýüzügini hem tapdy.
Ol adama, şo wagt gyzyllarym al, gyza degme diýip gygyranda eliniň tersi bilen eline kakyşyn ýadyna saldy.
Mähri zatlaryn alyşdyryp öýe ýörejek bolanda, çäge basyp giden maşynyň tigir yzynda bir pasporta meňzäp duran kagyza gözi düşdi, ony pasportmyka diýip eline aldy, görse maşynyň teh pasporty eken.
Ol onuň içini açyp gördi. Onuň içinde gyzjagazny gujaklap duran är aýal suraty bardy.
Ol teh pasportyň daşlygynyň gyrasyna dykylyp goýlupdyr. Mähri suraty görenden tanady, we haramzada öz gyzyň hem bar ekenä hudaýsyz melgun, ony Jemala degmäň diýip, Mähri ar güýjün jemläp topulanda, onyň kisesinden gaçan bolaýmasa, garmagurumlykda bilen däldirler : - diýip pikir etdide, ony hem sumkasyna saldy
Maşyna geldi. Nurmyrat maşynyň rolyna ýaplanyp irkilipdir.
Mähri gelip ony yralady.
Nurmyrady tuzuryp öýe garşy gaýtdylar. Ol ýolda Nurmyratdan
— partadaş, maşynyň teh pasporty bilen onuň eýesini tapyp bolarmy diýip sorady
— hawa tapyp bolýar, ol nämä gerek boldy partadaş
- aý hiçle, ýene bir gün arkaýynlykda gürrüň beräýerin:— diýdi
Mähri öýe gelip agşamlyk naharyna seretdi, Jemalyň telefonyny zarýada goýdy,
Jemal ýatyrdy, ony oýatmaga dözmedi
Agşamlyk nahary guýaýyn diýip durka, Şajan Mähriň ýoldaşy smenden geldi, çagalar kakada kaka bolşyp, 15 gün aýraçylykda bolsada, göresimiz geldi, diýip kakalarynyň boýnuna bökdiler.
Şajan ekizjelerin taýly gezek ogşap, ogşap ýolda gelýärkä olara alan kamaz maşyny berdi. Çagalary kakalarynyň bu sowgadyna örän begendiler.
Agşamlyk nahary jem bolup iýdiler we soň her kim öz otagyna girdi.
Şajan çagalary ýatýanja olar bilen öýüň içinde hezil edip maşyn kamaz sürüp oýnady.
Çagalar ýatansoň ol Mähriniň ýanyna geçip gelnini bagryna basdy. Iki dünýe gapyşmady diýleni, öz nikaly äri hem bolsa, şol kemsitmeler Mährini gowrup barýardy. Ýöne diňe dymdy. Ol Şajana hakykaty aýtmaga gorkdy, iki çagasy ýetim galar, erkek adam bu masgaraçylygy ýüregi götermez öýtdi we hiç zat aýdyp bilmän hyrçyny dişledi.
Şajan ýadow bolansoň derrew uka gitdi. Mähri onuň döşünde kellesin goýyp uklap galdy.
Rahatlykdanmy ýa ýoldaşynyň ýanynda barlygandanmy Mähri örän agyr ýatdy.
Daň saz berende
- waaaaaaaaaaaý, gyzyyyyyyyyyyyyym diýen gaýyn enesiniň çirkin sesine Şajanyň
daşaryk ylgap gidişine zaňňa ýerinden galdy we daşaryk ylgady .....
Dowamy bar
Hudaýsyzlar (bolan waka 6- njy bölümi). Awtory:Nowça🌙
Mähri zähräsi ýarylan ýaly daşaryk ylgady. Daş çykanda aýak uçdaky sygyr ýatakda, eýýäm onça adamyň nädip üşenne akly çatmady, sygyr tama ylgady, baranda bir gyrada gaýyn enesiniň ýüzüne suw sepip duran goňşysy Orazsoltana gözi düşdi, näme bolanyny görjek bolup sygyr tamyň içine seretdi. Ol onça erkek adamyň ýanyna barmaga çekinip gaýyn enesiniň ýanyna baryp onuň eginlerin owkalady.
Ol barmana Şajanyň zaryn sesine tarsa ýerinden galdy, erkek adam aglasa gaty elhenç bolýar ejeň, ol öň erkek adamyň aglaýşyny görmänsoň gorkman hem durmady, ol adamlaryň daşaryk alyp çykaran gyzyna seretse Jemal.
Mähri duran ýerinde ýaşmagyň zadyň aşagyndan uly ili bilen
— Jemaaaaaljaaaaanaaaa: - diýdide diň arkan gaýtdy.
Goňşy golam bir gowy zat, ýerli ýerden eşdişip derrew howlyň içi daşy adamdan doldy. Mähri özine gelende Jemaly öýiň ortarasynda gyzyl köz ýalak gyzyl ýaglygyň astynda eýýäm ýatyrypdyrlar. Ol onuň aýak ujuna baryp ýer bagyrtlap aglady, onyň zaryn sesine, öýde oturan ýakynu ýat adamlaryň biri hem saklanyp bilmedi
— doganjygym,Jemaljan, boýdaşym, syrdaşym diýip zaryn ses etdi...
Jemal özini asdy. Onuň sebäbin biljek bolup milise bary bulara üýşdi, ýöne hiç kim onuň sebäbin bilip bilmedi we gara yzyna düşüpdir, diýip goýaýdylar.
Çynar ýaly gyz elden gitdi Mähriň ýüregine kutuw boldy.
Jemalyň üçi ýedisin berip sadakalaryn sagaman sowuşdyransoňlar, ýedisi geçensoň märeke dargady. Gaýyn enesi şol wakadan soň ýürek agyrly boldy, günde günaşa gan basyşy beýgelip aldym berdime salýardy. Gaýyn atasy bolsa ir ýogalypdy. Mähri gelin bolyp gelen ýylyndan hem birnaçe ýyl öň ýurdyny täzeläpdi.
Jemalyň 40-y geçdi. Ýöne bu öýde agy sesi ýatanokdy. Mähri bar zadyň sebäbi diňe şol wakadan gördi. Ýöne için döküp aglara bolsa wyždany rüstem geldi. Ol diňe içine salyp aglaýardy.
Hakykatdan hem Jemalyň ölümine sebäp bolan namekä!?
Jemalyň belli günleri geçip öýiň içi aplasapla boluberipdi.
Ol bir gün gaýynenesiniň dermanyn berip öz otagyny ýygnaşdyrmak üçin öz otagyna girdi.
Ol serwantyň çaňlaryn süpürişdirip durka, Jemalyň el telefonyna gözi düşdi we ony eline aldy.
Telefony açanyna mähetdel ondan gelen 427 alynmadyk jaňlary we, jaňy alaý diýip ýazylan smsleri gördi. Ol jaňlar Jemalyň halaşýan ýigdindendi.
Ony Mähri tanaýardy. Olary Şajan görnäýmesin diýip pozyşdyrdy.
Ol barmana uzyn ýazlan sms e gözi duşdi. Onda
— gelneje, bu men Jemal .........
Dowamy bar...