butterfly
29.12.2022 15:42

Siz gowy diňleýjimi?


Il arasynda “Ynsan soraşa-soraşa, haýwan ysgaşa-ysgaşa höwrügýär” diýlen jümle bar. Söhbetdeş bolmak, diňlemegi başarmak durmuşda her bir adama iň gerekli zatdyr. Abram Linkolnyň ogluna nesihatlarynda “Oglum hemmelerden akylly bol, ýöne hiç kime bildirme” diýip, pent etmegi, onuň diňlemegi başarmagy ündedigidir. Türkmençilikde diňlemegi başarmaýan adama “Sakawyň soňuna seret” diýilýär. Hakykatdan hem söhbetdeşiňi diňlemezlik, onuň sözüne pitewa etmezlik, garşyňda otyrany äsgermezlik köplenç halatlarda ýaramaz netijelere getirýär. Dostluk gatnaşyklary, maşgala bozulýar, ýolbaşçylarda öz golastyndaky işgärleri, işgärlerde bolsa ýolbaşçylary barada ýalňyş pikir döreýär. Käbir adamlar “Dostuňdan gowy gürrüňdeş ýok” diýip, pikir edýärler. Başga birleri bolsa “Iň ünsli diňleýji öz başlygy bilen iş hakynda söhbet edýän işgär” diýip, tekrarlaýarlar. Iki tarapyň hem pikirinde jan bar. Dost dostunyň işleri bilen çyndan gyzyklanýar. Işgär hem başlygynyň öňünde abraýyny gaçyrmazlyk üçin oňa gowy düşünmäge ymtylýar.


Geliň, siziň hem diňläp bilmek ukybyňyzyň derejesini kesgitläliň. Munuň üçin sizi on sany soraga jogap bermegä çagyrýarys.


Jogaplara şeýle ballar goýmaly:

“hemme wagt”-2 bal,

“köplenç”-4bal,

”kämahal”-6 bal,

“seýrek halatlarda”-8 bal,

”hiç haçan diýen ýaly”-10 bal.


1. Söhbetiň temasy ýa-da gürrüňdeşiňiz özüňizi gyzyklandyrmaýan mahalynda gürrüňi dessine bes etmäge çalyşýarsyňyzmy?


2. Gürrüňdeşiňiziň özüni alyp barşy siziň gaharyňyzy getirýärmi?


3. Söhbetdeşiňiziň ýalňyş aýdýan zady siziň gaharyňyzyň gelmegine ýa-da gödek jogap bermegiňize sebäp bolup bilermi?


4. Nätanyş ýa-da gowy tanamaýan adamlaryňyz bilen gürrüňdeş bolmakdan gaça durýarsyňyzmy?


5. Siz gürrüňdeşiňiziň sözüni bölýärsiňizmi?


6. Söhbetdeşiňizi diňlemän, başga zadyň pikirini edip oturan wagtyňyz diňleýän bolup görünmäge çalyşýarsyňyzmy?


7. Siz gürrüňdeşiňiziň kimdigine baglylykda sesiňizi, ýüz keşbiňizi üýtgedýärsiňizmi?


8. Gürrüňdeşiňiz siziň göwnüňize ýaramaýan temadan gürrüň edende gürrüňiň temasyny üýtgedýärsiňizmi?


9. Söhbetdeşiňiziň sözi ýalňyş aýdan halatynda ony düzedýärsiňizmi?


10. Gürrüňdeşiňize göwniýetmezçilik bilen gürleýän halatlaryňyz bolýarmy?


Soraglara dogruçyl jogap berensiňiz diýip umyt edýäris.


Indi ballary hasaplalyň. Eger 55 bal gazanan bolsaňyz, onda sizi ortaça diňleýji hasaplap bolar. Ballar 62-ä ýeten bolsa siz ortadan ýokary derejedäki diňleýjisiňiz. Emma ballar 62-den hem geçen bolsa, onda özüňizi gutlap bilersiňiz . Siziň adamlary diňlemäge ajaýyp ukybyňyz bar!

28
570
Myhman
21 Aprel 2023
Mnka 68
Myhman Myhman
3 Yanwar 2023
70 boldy.Gowy dinleyji ekenim
Aynashka
31 Dekabr 2022
wolf,men bola menem sheyle😊😊
wolf
30 Dekabr 2022
Meñki 70 dena geçdi aslyndada diñläp oturmany halayan real dutmusda kan gurlegen däl
Aynashka
30 Dekabr 2022
Menka 88 chykdy 🙂🙂
Myhman Myhman
30 Dekabr 2022
Гуррундеш болмана инди бу довур адам йок диен ялы менине иш ерим бири биринден бетер овуншуп фантастика айдышып шон учун динлесимем геленок эшдесимн
Marýam
29 Dekabr 2022
Meniňki gaty köp çykday🤦‍♀️
Myhman Myhman
29 Dekabr 2022
54 min.ai ansat 62 a baryan yokdyr.sen gyzykly bolmadyk zady NADP dinlap otyrjak
jemal_seyitniyazowa
29 Dekabr 2022
62 ýetdi...🤗
dinim_yslam✨
29 Dekabr 2022
Göni 50 çykdy meñki🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.