violinist
29.12.2022 13:18
Ýa sen kejir bolduñ,
Ýa men kineçil.
"Bagyşla" sözüni
Aýtmadyñ neçün?

Ak gar tozgasyny
Sepelän güni,
Sözleñ buýsanjymy
Depelän güni,
Men uçut gaýadan
Ýykylan ýaly,
Gözde bar gözýaşym
Dökülen ýaly,
Bigadyr täleýme
Ökünen ýaly,
Seniñ bilen geçen
Bagtly günlerme
Armanly bakdym.

Şonda-da sen, eger:
"Bagyşla" diýip,
Alsadyñ göwnümi
Ünjimi duýup,
Ömre bir ýyl ömri
Goşup bilerdiñ.
Ýa birinji özüm
Saña ýüz berip,
Señ ömrüñe ömri
Goşup bilerdim.

Ýöne näme üçin
Dymdyk biz eziz?
Ýa-da duýgularmyz
Boldumy ejiz?
Ýa sen gorkduñ
Günäñ geçilmez öýdüp,
Menem başarmadym
Bir zatlar aýdyp.

Ýaşaberdik nola
Ýene nol goşup.
Uzaklaşyberdik
Yola ýol goşup.
Başarardyk belki,
Emma bilmedik
Söýgi bilen ömrúmize
Ýyl goşup.

Meñli AŞYROWA
27
107
BaýramBejidow
30 Dekabr 2022
Gowy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.