jemal_seyitniyazowa
29.12.2022 11:40
Gyz perzendi mähriban bolar,
Ynamymy sakla gyzym.
Sen ýylgyrsaň dünýe ýaz bolar,
Kalbyňy päk sakla gyzym.
💕
Sen ömrümiň ter çemeni,
Saýla ýollaň merjenini,
Geçmişiň päk geljegiňi,
Ak güllerde çakla gyzym.
💕
Gyzym janym gyzym,
Açyk bolsun alnyň gyzym,
Sen meniň göwün buýsanjym,
Egsilmejek şanym gyzym.
💕
Eneň-ataň bar arzuwy,
Balasynyň bagty gyzym.
Sen ýüregmiň hoş owazy,
Öz käbäňe meňze gyzym...
💕
Awtoryny bilemok.
Aýdymy aýdýan: Annaberdi Orazmämmedow
29
107
ideallider
2 Yanwar 2023
Oglanlar näçe edermen, abraýly, güýçli bolsalar bolubersinler, gyz-uýasy nadan bolsa oglanlaryňky bir köpük. Emma gyz uýasy mukaddesligini saklasa, oglanlara düşündirip bolmajak güýç geler👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.