Zalym zat näme diýip sowal berseler,
Megerem, köp zatlar gözöňüňe geler.
Menem jogap tapman elewräbersem,
Özi gelip taparla zalym gaharlaň.
Zalym gahar diýip dogry aýtýaň şahyr
Şeýlebir zalym ol bilmändim şindi
Indi bolsa öz özüme igenýän
Nädip saýgaraýdyň şol zady indi
Dur, dur saklanawer gatyrak gitýäň,
Diýip ençe gezek saklady meni.
Gahar köp zatlary ýeňýärem welin
Oda derek suw sepseň ondan beteri.
Borla gahar hakda ýazmalyň indi,
Gaharyň öz-özi geläýýär ýazsak
Dünýä gülmek üçin gelinýär diýip
Erkana durmuşda gülüp-oýnap gezsek
Jahanda şondan gowy gylyk-häsiýet
Menä ýokmyka diýýärin şindi