BaýramBejidow
28.12.2022 00:53
Ynanmadym, ,,güman edýäñ" diýdiler,
Umyt üzdim, ,,günä edýäñ" diýdiler,
Ýaşaberdim inçe ýüzim galñydyp,
,,Bu durmuşy kesä itýäñ" diýdiler.

Emelin agtardym amalsyz ömriñ,
Ak-garalañ arasynda müzzerip,
Ýöwselligim sada kalbym duzlady,
Kimler munda Jennet gördi ýüz görüp.

Bu gursagym ýantorba däl, düşüniñ,
Her görenmi salyp bilmen içine,
Kä zatlaryñ ýalanlygna düşünip,
Pyçak giren ýaly bolýar içime.

,,Sag göreniñ sol" diýseler ynandym,
Ah çekmedim edenime ökünip,
Men razy täleýimi ýazandan,
Hemem şondan gezip ýörsem çekinip.

Beýgelmedim, emma peselmedimem,
Boýun aldym, ýalñyşlarmyñ ählisin,
Owal başda, biz bu dünýä, aslynda,
Gitmek üçin gelipdiris ähbetin...

Awtory: Baýram Bejidow
20
78
Myhman Myhman
28 Dekabr 2022
Mld manyly goşgy eken👍👍👍
Myhman Myhman
28 Dekabr 2022
Gowy gosgy👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.