Zenan kim?
Saçyñ birje tary ynjany üçin,
Kimdir biri gizlin aglaýan bolsa.
Hemmeden öñürti ýagty ertäñe,
Synmazak umydyn baglaýan bolsa,
Soñlanmaz sowaly "Hallaryñ neneñ?",
Jogaba ýaltanma, ol seniñ eneñ!
***
Haldan doýup, bir gün derde uçrasañ,
Kimdir ýagdaýyñy soraýan bolsa,
Seniñ ýa-da sen deý erkek göbekliñ,
Maşgalañ namysyn goraýan bolsa,
Çekmeseñ şol gara gulpakdan zyýan,
Ynamly gadam ur,
Ol merdem uýañ!
***
Çañ keçäñ kakylyp, gyzdyrlyp külbäñ,
Bir näzijek mähir çisñeýän bolsa.
Kyrk ýaşda-da, çaga garaşýan ýaly,
Ýoluña bakmasyn kesmeýän bolsa,
Hytaý galasydeý mizemez törüñ,
Çünki ony gorar wepadar ýaryñ.
***
Paýhas, parasatyñ gursagna guýlup,
Geljegni güneşde çaklaýan bolsa.
Mynasyp näz edip, mynasyp söýlüp,
Gyzlyk mertebesin saklaýan bolsa,
Ynamly gollarda dowamat yzyñ,
Ak geljege güwä gyzyñdyr gyzyñ.
Kerim Hallyýew.