Dusia
27.12.2022 18:25
Hekaýalar dünýäsinde Şazada gelip, owadan gyzymyzy erbet ellerden halas edýär we olar bagtly ýaşaýarlar.

''Ak atly şazada'' hekaýalar bilen durmuşymyza giren hadysadyr. Häzirki zaman dünýämizde diňe bir zenanlar üçin däl, eýsem erkekler üçinem ýagdaý ak atly şagyzy boldy.

Dogrusy, ak atly “şahsyýete” garaşmak ejizligiň alamaty dälmi?

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar gün-günden üýtgeýär, ýöne üýtgemeýän bir zat bar bolsa, ertekiler biziň şu wagtky gatnaşyklarymyza täsir edýär.

Ak atly şazada ýa-da şagyzyna garaşmagymyzyň sebäbi näme?!

Bu jemgyýete täsir edýän bir sikl.

Psiholog we ýazyjy Teodor Reikiň aýdan mowzugynda bir zat ýazmak isledim. Şazada garaşmak hakda birnäçe söz aýdypdy, bu hakda oýlananymda dogry pikir ýalydy. Gysgaça aýtsak, ak atly şazada/şagyza garaşmagyň özüne bolan ynamyň pesdigini görkezýär.

Sözlemi açyp, oňa seretsek, gaty dogry ýaly. Durmuşa hiç hili garaýşy bolmadyk adamlar beýlekiler tarapyndan halas edilmegine garaşýarlar. Şonuň üçin özlerine bolan ynamy ýokarlandyrmak we kynçylyklary ýeňip geçmek üçin hiç hili tagalla etmeýärler. Ak atly ''şahsyýet'' gelip, özüni halas eder we ony abadançylyga alyp barar. Näme üçin? Näme üçin başga birine garaşly ýaşamaly? Meniň pikirimçe, bu gaty samsyk durmuş. Bu diňe bir adama däl, eýsem jemgyýete-de täsir edýän ýagdaý.


Bu ýagdaý, özi ýaly özüne ynamly şahsyýetleri terbiýelemäge ýol açýar. Oňa kimdir biriniň gelip, halas etmegine garaşmagy maslahat berýär. Muny bilgeşleýin ýa-da bilmän edýär. Şonuň üçin çaga ýeterlik güýç sarp etmegiň zerur däldigini görýär.Netijede,Her niçigem bolsa, kimdir biri muny eder, muny etmegiň zerurlygy ýok. "Başga biri alada etsin" diýmek bilen, jemgyýetiň bu pikirler bilen yza galmagyna sebäp bolýar.

Elbetde, “ak atyň üstünde şazada” bar, ýöne ol seni halas etmesin, şol ýollarda seniň bilen bile ýöresin...

17
140
Dusia
3 Yanwar 2023
shamko, salam!
olia
27 Dekabr 2022
Dogry. Biri gelip ayaga galdyrar diyip garashyp omruni oturenden ozun ayaga galyp onarmaly. Ol pikirler garayyshlar kop adamyn mashgalasyna cagalygyna bagly. Cagalykdan oz bashyny carap ozune gerek zady ozi edip owrenen adam bashgalaryn komegine matac bolmaz
perizadym
27 Dekabr 2022
gul_,gosulyan
Gülhan
27 Dekabr 2022
😊👌👌👌👌
okayjy
27 Dekabr 2022
🤔🤔🤔 No comment
Dusia
27 Dekabr 2022
Postuň temasy öz aýagyň üstünde durmak seniň ejiz maşgaladygyňa garamazdan! Düşünjek bir eýýäm düşündimikä diýýän!
ideallider
27 Dekabr 2022
Mbäh. Menä aýdara söz tapmadymweli, ýöne "Rugsatsyz sessiz aglaşan gerek" setirlerä ýadyma düşdi👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.