dream_
27.12.2022 15:30
Parkinson keseline kömek etmek üçin laboratoriýada ösdürilen beýni öýjükleri

Parkinson keseli adamyň merkezi nerw ulgamyna täsir etýän bir keseldir. “Parkinson’s Foundation”-yň habaryna görä dünýäde 10 milýondan gowrak bu kesel bilen göreşýän adam bar.   Habarlara görä, laboratoriýalarda ösdürilip, kämilleşdirilýän täze öýjük Parkinson keseli bilen göreşýän hassalara kömek bolup biler.

Parkinson keseli näme?

         Parkinson keseli, titremek, deňagramlygy saklap bilmezlik ýaly hereketlere sebäp bolýan bir keseldir. Alamatlar adatça kem-kemden başlaýar we wagtyň geçmegi bilen hasam erbetleşýär. Keseliň ulalmagy bilen adamlar ýöremekde we gürleşmekde kynçylyk çekip bilerler. Şeýle hem akyl we özüni alyp barşyň üýtgemegi, uky problemalary, depressiýa, ýatda kynçylyklar we ýadawlyk başlaýar. Analizlere seredenimizde bu kesel erkeklerde has köp görülýändir. Parkinson keseline esasy, beýnimizdäki neuronlar ölende duş gelinýär. 

Parkinson keselini öňüni almak üçin täze açyş.

         Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habaryna görä, soňky 25 ýylda Parkinson Keseliniň ýaýramagy iki esse artdy. Bütin dünýäde Parkinson Keseli sebäpli maýyplyk, ölüm we beýleki newrologiki näsazlyklar has öňküden artýar. Gynansagam, Parkinson Keselini bejerip bolmaýar. Adaty bejeriş usullary beýnide dopamin öndürmegi goldaýan dermanlary ulanmakdyr, emma bular Parkinson keselini doly ýagdaýda aýyranok. 

         Emma täze açyşlaryň netijesinde, laboratoriýalarda ösdürilen täze öýjükler, Parkinson keselli hassanyň beýnisindäki ölen neuranlar bilen çalyşyp boljagy çaklandy. Cambridge uniwersitetiniň professory Roger Barker’yň aýtmagyna görä “Bu tapgyra çykmak üçin köp wagt gerek boldy, ýöne bu synaglaryň netijesi, birnäçe ýyldan soň Parkinsonyň adaty bejergisi hökmünde dokuma transplantasiýalaryny hödürläp biljekdigimizi umyt edýäris.” we nesip bolsa bu öýjükler öňümizdäki ýyllarda adamyň üstünde barljakdyklaryny hem belläp geçdi.

Çeşme: https://beyan.wiki/mainposts/59/show
24
78
melek06
28 Dekabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
ideallider
27 Dekabr 2022
Muhammet Ali boksýoryda parkinsony gördüm😔👍
Relax
27 Dekabr 2022
Şol URL-ny. [img] ✅ [/img] ⬅️şuñ arasyna goý
Relax
27 Dekabr 2022
Kod ýalñyş goýupsyñ öýdýän suratyñ?..
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.