NÄTANYŞ GYZYŇ HATLARY
Eger aklyň ýerinde bolsa, keselhanada gereginden artyk bir gün galmagam gaty kyn düşer. Keselhana nähili döwrebap bolsa bolubersin, gerek wagty bolaýmasa, başga wagt Beýik Biribar bizi şol ýerlere mätäç etmesin.
Garaşmaýan wagtym meni operasiýa etmeli diýdiler. Lukmanlaryň aýdyşyna görä, alty aýlap ýerimden turman gipsli ýatmaly boljakdym.
Keselhana durmuşy ilkibadalar maňa onçakly erbedem görünmedi. On adamlyk otagymyzdaky hassalaryň hiç birem keselhanadan derrew çykyp biljek halda däldi. Çepimde ýatan adam ulag heläkçiliginde agyr ýaralanypdy. Sagymda ýatanyň bolsa, oňurgasynda ýara bardy.
Biz şonda-da umytsyz däldik. Bir-birimize henek atýardyk. Lukmanlaram gowy adamlardy. Emma kesele döz gelmek ýeňil-ýelpaý zat däldi. Seňrigimizi ýygryp, özümizi ýalňyz duýýan mahallarymyzam bolýardy.
Günleriň birinde keselhana meniň jebegämi daraldyp başlady. Gipsiň astynda, arkanlygyna ýatyrdym. Kitap okamakdyr radio diňlemegem ýüregime düşüpdi. Ýatyp, oý-pikire çümmekden başga zat edibilmeýänime däliräýjek bolýardym.
– Wah, şu gipsden bir gutulyp bilsedim. Ýeke gün daşarda gezmeläbilsem, galan ömrümiň hemmesini bermäge taýyn – diýip, göwün ýüwürdýärdim. Daşarda ulag sürýän, dükana girip-çykýan adamlary göresim gelýärdi. Bir wagtlar awtobusa münmek, ýolda ýöremek ýaly ähmiýetsiz hasaplan zatlarymam häzir meniň üçin örän ähmiýetli görünýärdi.. Umytsyzlyk sataşaly bäri men ölümem özüme rowa görüp başlapdym. Şeýle günleriň birinde şepagat uýasy maňa bir hat getirdi. Dost-ýarlarymyň: “Çaltrak gutul!” diýip ýazýan hatlaryna öwrenşenim üçin, men bu gelen hata kän bir ünsem bermedim. Ýöne hatyň daşyna siňe seredenimde, dörtburç bukçanyň ýüzüne, maýda hat bilen haty ibereniň ady ýazylgydy. Bu gyzyň ady maňa nätanyşdy. “Belkem, ýanýoldaşymyň joralarynyň biri iberendir” diýip, bukçany açanymda, içinden on sahypalyk hat çykdy. Hat şeýle setirler bilen başlanýardy:
“Salam! Seniň salgyňy nädip tapanymy saňa aýdyp biljek däl. Bu syr. Ýeriňden galyp bilmeýäniňi eşitdim-de saňa syýahat eden ýerlerim barada gürrüň beräýeýin diýdim”.
Hat ýürekden ýazylana meňzeýärdi. Bu hatyň bir maýyba haýpy gelýän kempirden däldigi bellidi. Kim bolsa bolubersin. Ýöne ol meniň nähili duýguny başdan geçirýändigimi hem-de nämäni küýseýändigimi bilýärdi. Haty şoňa görä ýazypdyr.
Hatynda ýoldaky gylýal sürülerinden, Beýik Ýaradanyň ýaradan täsin güllerinden, tebigatyň ajap görkünden, şaglawuklardan, asmanda gaýmalaşýan bulutlardan, durmuşdan söz açýardy. Onuň birnäçe sahypalyk haty maňa ýagty geljege badalga bolupdy.
Hatyň ahyrynda şeýle setirler bardy: “Bir-iki gün soň başga bir oba gidýän. Ýöne şonda-da men seniň bilen hat alşyp duraryn.”
Hätanyş gyzyň haty meniň kalbymdaky bar gam-gussany sogrup alypdy. Ýene bir gezek okanymdan soň, haty ýanymdaka uzatdym. Olam bu haty iki gezek okap, ýanynda ýatana uzatdy. Otagdaky bar hassalaryň elinden geçensoň, ýygyrt-ýygyrt bolan hat ahyry maňa dolanyp geldi.
Bu hat şeýle bir näziklik bilen hem-de ýönekeý dilde ýazylypdyr welin, maňa iberilse-de, ähli kişi ony özüne iberilen ýaly, okap doýup bilenokdy. Şol günden soň bar gam-gussamyzy ýatdan çykaryp, gyzyň hatynyň dünýäsinde ýaşap başladyk.
Ikinji hat bir aýdan soň geldi. Ol gyz bu gezekki hatynda täze baran obasynyň owadan ýerlerinden, çägesöw kenary ýalap durap kölüň tolkunlaryndan, balyk çorbasyndan hem-de sümme tokaýlardan söz açýardy. Bizem ol gyz bilen tokaýyň ortasyndaky kölüň kenarynda aýlandyk. Kölüň kenarynda hüşerilişip suw içýän keýikleri we köle uçup gelýän her hili owadan guşlary görüp bilýärdik.
Biz hyýalymyzda onuň ýüz keşbini, nähili gyzdygyny janlandyrýardyk. Men ony uzyn sarçlaryny seçekli bilen bogan uzyn boýly, peri ýaly biri diýip göz öňüne getirýärdim. Beýleki hassa ýoldaşlarymyňam ony hersi özüçe göz öňüne getirýärdi. Ol biziň otagymyzyň arzyly myhmany bolupdy.
Gyz soňky hatlarynda tokaýdaky bir oba hakda gürrüň berdi. Biz indi her gezek onuň hatyna sabyrsyzlyk bilen garaşýardyk. Şeýdip ahyry menem gutuldym. Aýagymdaky gipsler aýryldy, ýuwaş-ýuwaş ýöräp başladym. Lukmanlar maňa öýüme gaýtmaga rugsat berdiler. Men Beýik Biribara şükür edip, keselhanadan çykyp gaýtdym. Dileglerim kabul bolupdy.
Maşgalamyň ýanyna gelen badyma, derrew şol gyzyň gözlegine çykdym. Ony göresim gelýärdi. Oňa bar dost-ýarlarymyň adyndan sagbolsun aýdasym gelýärdi. Salgysyny alyp, öýüne bardym. Gapyny ejesi açyp, meni onuň otagyna alyp gitdi.
Men içeri girenimde ýaşajyk gyz, bir syýahat kitabyny okap otyrdy. Maňa gözi düşenden kitabyny ýapyp ýylgyrdy. Meniň salgymy nireden alandygyny şol gün bilip galdym. Keselhananyň lukmanlarynyň biri, ony ýygy-ýygydan soramaga gelýär ekeni.
Ol gyz on alty ýaşyndady. Ysmazdy. Soň ol hem oňatlaşyp gitdi. Ýöne ol bize hat ýazýan mahaly, dört ýyllap otagyndan çykyp bilmändir.