butterfly
27.12.2022 00:27
Telefon ulanşyňyza serediň, häsiýetiňizi biliň!

Häzirki wagtda adamlaryň arasynda smartfonlaryň dürli-dürli ulanylyş usullary ýüze çykýar. Hünärmenler smartfonlarynyň ulanylyş usullaryna seredip, häsiýet seljermesini berip bolýandygyny aýdýarlar. Ine, smartfony saklamak bilen bagly ýüze çykarylan häsiýet derňewi baradaky gyzykly maglumatlar:

1. Smartfony sag eliniň başam barmagy bilen ulanýan adamlar.
Hünärmenleriň pikirine görä, smartfonyňyzy sag eliňiziň başam barmagy bilen dolandyrmagy makul bilýän bolsaňyz, onda sizde gaty ýokary ynam koeffisiýenti bar. Bu bolsa ömrüňiziň dowamynda hiç zat hakda pikir etmän uly töwekgelçilik edip, islän zadyňyz üçin akylly hereket edip biljekdigiňizi we ýetmek isleýän ähli zadyňyz üçin eliňizden gelenini etjekdigiňizi görkezýär.

2. Smartfony iki elde tutup sag eliniň başam barmagy bilen ulanýan adamlar.
Smartfony iki eli bilen tutup, ýöne sag eliniň başam barmagynyň kömegi bilen ulanýan adamlar, akyl meselesine uly ähmiýet berýän adamlardyr. Hünärmenler bu adamlary akylly, bilimli we giň düşünjeli adamlar diýip kesgitleýärler. Şol bir wagtyň özünde, bu adamlar islän zatlary üçin ädim ätmezden we meýilnamalarynyň çäginde taslamalaryny durmuşa geçirmezden ozal belli bir hasaplamalar edýärler.

3. Iki elli bilen smartfon ulanýan adamlar.
Hünärmenler özüni has gowy görýän adamlaryň smartfony iki eli bilen ulanýandygyny anyklapdyrlar. Şol bir wagtyň özünde, iki eli bilen telefon ulanýan adamlaryň çalt, täsirli we anyk karar bermekde başarnyklydygy aýdýarlar. Şeýle-de bu adamlaryň üýtgeýän we täze şertlere tiz uýgunlaşýandygyny ýatdan çykarmaly däldiris.

4. Smartfony bir elde tutup, yşarat (süýem) barmagy bilen ulanýan adamlar.
Smartfony iki eli bilen tutup, sag eliniň yşarat barmagynyň kömegi bilen ulanýan adamlar aşa döredijilik bilen meşgullanýan adamlar diýip hasaplanylýar. Bu adamlaryň aňynda köp meýilnama bolsa-da, hökmany suratda birini saýlamagy başaryp, durmuşa geçirmekde hiç hili kynçylyk çekmeýärler. Mundan başga-da, bu adamlar işlerinde üstünlik gazanmak bilen bir hatarda, wagtyny gyzykly geçirmegi hem ýatdan çykarmaýarlar.
18
670
Myhman Myhman
22 Fewral 2023
3😄😄😄😄😄..
Myhman Myhman
13 Yanwar 2023
Gaty dogry
La Rosse 🦋
8 Yanwar 2023
2.verno👍🏻
Myhman Myhman
5 Yanwar 2023
1 hemise
Myhman Myhman
5 Yanwar 2023
koplenc 1
MerjenChorliyeva
27 Dekabr 2022
1hemisede
Maýa06
27 Dekabr 2022
1..3 ýöne köplenç 3
Myhman Myhman
27 Dekabr 2022
1 yadan wagtym 4
Marýam
27 Dekabr 2022
2 👍.....
ideallider
27 Dekabr 2022
Meňki dogry😊👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.