ylham_1989
26.12.2022 13:50
HATDAT KİM?
Çyzygy sungata öwren ägirt – Şeýh Hamdulla

“Ol şeýle hatlar, sözi we sazy bilen,
Aýdym aýdýar bir gamşyň sesi bilen”.
Selahaddin Batu

Türkileriň köki geçmişe uzaýan sungaty
Kysmatyň täsin öwrümleri saýasynda Orta Aziýanyň ýaýrap ýatan giň düzlüklerinden göçüp gelen bu eziz millet yslam dininiň gymmatlyklary bilen tanşyp, belent derejelere çykýar. Maddy hem-de ruhy taýdan dolup-daşýan joşgunly halk köpçüligi emele gelýär. Bu jemgyýet gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli medeniýetini, sungatyny yslam medeniýeti bilen utgaşdyryp, oňa düýpgöter täzeçil öwüşgin berýär.
Seljuklylaryň goýup giden mirasyna eýe çykan osmanly sungaty we medeniýeti, aýratynam, soltan Myrat II ogly Muhammet Fatih döwründe döwlet dolandyryşynda, harby, syýasy ugurlarda bolşy ýaly edebiýat, saz, binagärlik, bezeg, hatdatlyk ýaly ugurlarda-da uly üstünlige eýe bolýarlar. Şeýlelik bilen, geçmişden dowam edip gelýän türki sungatlar döwürden-döwre geçip, özüniň iň ajaýyp sazlaşygyny, ölçegini Osmanly sungatynda tapýar.


Sungatlaryň atasy


Köp kişä görä sungatlaryň atasy hasap edilýän hatdatlyk sungaty hem Osmanly döwletinde dörän sungat we iman hyjuwyndan joşup çykan täzeçillik we döredijilik hereketinden özüniň ýetdik paýyny alýar.
Yslamyň ýüze çykmagyndan soň okamak we ýazmak üçin ulanylýan hat birnäçe emewi we abbasy döwürleriniň hatdatlaryndan soň, esasanam,Ibni Mukläniň (X asyr) we Ibni Bewwabyň (Xİ asyr) zähmetleri bilen sungat derejesjne çykýar. Soňraabbasy halyfasy Mustasym Billahyň Amasýaly Ýakut atly türk guly (?-1298) «aklamy-sitte» (alty ýazuw) diýip at berilýän sülüs, nesih, muhakkak, reýhany, tewki we rika ýazuwlaryny düzgünine laýyklykda ýazmagy başarýar. Muny hem esatizeýi-seba (ýedi ussatlar) ady bilen Ýakutyň şägirtleri ýöredýär. Aradan bir asyr wagt geçenden soň soltan Muhammet Fatih döwrüniň hattatlaryndan Edirneli Ýahýa Sopy aklamy-sittede jeli we abidewi ýazuwlaryna başgaç täze bir ýol, tär getirýär.

Ýagşyzadanyň buşlugy

XIV asyr aýaklarynda Osmanly döwletiniň düzümine giren Amasýa ylym-bilimiň we sungatyň öýjügine öwrülipdi. Bu ýere buharaly türkilerden birnäçe maşgala göçüp gelipdi. Bu göçüp gelenleriň arasynda Suhrewerdi tarikatyna gol beren (käbir çeşmelerde Zeýniýe tarikaty) Mustafa Ata atly uly alym şeýh hem bardy.
Şeýh Mustafa Ata Pygamberimiziň (s.a.w) «Öýleniň, köpeliň…» diýen hadysyna uýup, öýlenmegi ýüregine düwüp ýördi. Ol bir gün Amasýanyň köçelerinden ýöräp barýarka, öňünden bir ýagşyzada kişi çykyp: «Eý, Ata! Seniň öýlenmeli gyzyň pylan köçede ýaşaýan pylan atly bir garybyň gyzydyr. Şondan başga hiç kim däldir. Derrew şoňa öýlen, ikirjiňlenip oturma!» diýip, oňa barmaly ýerini salgy berýär. Mustafa Ata hem hiç hili ikirjiňlenmän, şol ýetim gyza öýlenýär. Aradan az-kem wagt geçenden soň, ol şol ýagşyzada ýene-de gabat gelýär. Şonda Mustafa Ata oňa salgy beren gyzyna öýlenendigini aýdýar we munuň hikmetini soraýar. Bu habary eşiden ýagşyzada begenip, el galdyryp, ýagşy dileg edýär: «Beren nesihatyma eýerip, şol garyp bendäniň gyzyna öýlenen bolsaň, Alla saňa şeýle bir haýyrly perzent bersin, goý ol kämil, akylly, syratly ýigit bolup ýetişip, ady äleme dolsun! Ady kyýamata çenli ýaşasyn! Onuň adyna Hamdulla goýgun!»

Ady kyýamata çenli tutuljak Hamdulla

Mustafa Atanyň ýagşyzada bilen gabatlaşanyndan birnäçe wagt geçen soň, Amasýa şäherinde gelejegiň «Kutbul-küttaby» (Hatdatlaryň soltany), hat ýazmaklygyň ussady Şeýh Hamdulla dünýä inýär (1426 ý.). Şeýh Hamdulla Osmanlynyň syýasy we ykdysady taýdan pajarlaýan, döwletiň ähli ýerinde ylymda, sungatda täze öwrülişikleriň amala aşýan altyn eýýamynda doglupdy. Şeýle ösüşleriň dabaralanýan jemgyýetinde ylym öwrenen ýaş ýigit pederi şeýh Mustafa Atanyň hem ruhy terbiýesinden geçip, özbaşdak ders bermäge rugsat alýar. Şu sebäpden oňa «şeýh» hem diýilýär.
Wagtyň geçmegi bilen sungata has içgin aralaşyp başlan Hamdulla şol döwrüň ussat hatdady Maraşly Haýretdinden hatdatlyk sungatyny öwrenip, ondan ak pata alýar. Ýöne şeýh Hamdulla hakyky kämillige Ýakutyň hem-de Abdullahy Saýrafiniň ýazgylaryny ürç edip öwrenenden soň ýetýär.
24
102
ylham_1989
27 Dekabr 2022
gul_, 👍
ylham_1989
27 Dekabr 2022
Myhman Myhman,👍
Myhman Myhman
26 Dekabr 2022
Gowy eken 👌🏻👌🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.