Dördünji ýyllyk talyplaryñ, iñ soñky synaglarynyñ boljak günüdi. Talyplar bu synagy-da geçenden soñra, diplomlaryny alyp, durmuşyñ akymyna goşuljakdylar. Professor, synagda kitap we depderlerden erkin ýagdaýda peýdalanyp biljekdiklerini öñünden aýdypdy, diñe gürleşmek we biri-birinden göçürmek gadagandy. Bu sebäpden, ähli talyplar synagdan rahatlyk bilen geçeris öýtýärdiler.
Professor sowallary tagta ýazýarka, ýüzündäki bu şatlyk ýuwaş-ýuwaş ýiteñkirläp ugrady. Sowallaryñ jogabyny ýanlary bilen getiren kitaplaryndan, ders belliklerinden tapmak mümkin däldi. Mugallym bu ders boýunça iñ kyn, hat-da öñ eştmedik sowallaryny tapyp getiripdi.
Bir ýarym sagat soñra jogap kagyzlaryny ýygnaýarka, professor:
—Arañyzda, sowallardan bäşisine-de dogry jogap bereniñiz barmy? -diýip sorady.
Elini göterýän ýokdy.
—Dört?
Jogap beren bolmady
—Üç? Iki?
Ýene-de jogap ýokdy
Mundan soñra professor ýylgyryp:
—Men şeýle boljakdygyny bilýärdim!- diýdi, heniz hem galpyldap oturan talyplary begendirdi. —Ýöne, bu synagdan soñra uniwersitedi tamamlamak bilen, asyl öwrenmeli zatlaryñ mundan soñra alnyñyzdan çykjakdygyny unutmañ.
Bu wakadan soñra ýyllar geçdi. Ýöne talyplar şol soñky dersi asla ýatdan çykarmadylar, elbetde, bu dersi beren professoryñ adyny-da.
(Ruhubelentlik kyssalary)
"Älemiñ gyragy bolmaz, ylymyñ- çägi."