Ýetim diýmäň maňa
3-nji jemleýji bölüm
Çynardan edil beýle söz aýdar diýip garaşmandym. Ýaraly ýüregime sepelän duzunyň ýarasynyň bitmesi kyn düşdi. Durmuş maňa nähili daraşýa Allajan, sen meni öz penaňda aman sakla meniň ejemem sen kakamam. Maňa dogry ýol görkez bolmasa men ýalňyş ýollardan ýöräp, haýsy menzile barjagym, belli däl. Aradan aýlar geçdi ýyllar geçdi. Ýokary okuw jaýymy tamamladym. 2 ýyl tejribelik üçin öz welaýatyma gitdim, Hudaýa şükür işim gaty oňuna boldy. "Öñim geleninden soñym gelsin"diýip ýöne-möne aýtmandyrlara diýip, içki dünýäm bilen köp söhbetdeş boldum. Men daýzamyň kömegi bilen, obamyzdaky el hünärli gyzlarynyň biri bolan Hatyja bilen toý etdim. Allajana müňde bir razy. Biz dünýäde kim özüne şeýle bir bagtly diýýän adamlar bar bolsa, bizem şolaryň hataryna girýärdik. Hatyja ikimiziň oguljygymyz boldy. Menem ýokary wezipä işe bellediler gowylyklaryň hemmesi üste-üstesine, aradan köp wagt geçip geçmänka. Meni paýtagta işe çagyrdylar maşgalamy alyp, Aşgabada geldim. Öz arassaja zähmetim bilen şaherden jaý aldym, işimiň daşyndan hususy kärhana açdym. Hudaýa şükür indi rysgalymam maşgalamam ýerbe-ýer. Bir gün işde otyrkam, soňy 48 lik belgi bilen gutarýan nomerden jaň geldi. Gözime näçe yssy görinse-de tanap bilmedim. Haçanda telefona alo! diyip, jogap beremde: Ýagyşly gijäni ýatladan gyzyň sesi geldi. -Alo! Perhat bu men Çynar. Seni bimazaa etýändirin düşünýän ýöne ýekeje pursatlygam bolsa meni dinle! -Men özi bilen deň bolup durman geçirimlilik duýgusuny kabul etdim-de, hawwa diňleýän aýdyberin!- Perhat seniň bilen görüşip bolmazmy...düşündirjek zatlarym barda Allan razylygy üçin! Eger Hudaýy ýatlaýan bolsaň, onda şu gün 3 de men saňa öňki köneje duşuşan ýerimizde garaşýan diýip, elini öçürip goýberdi. Menem Allajanyň adyny eşidemson ýok diýibem bilmedim. Çynar meniň öýlenenimden bihawar bolsa-da jubimiň galñanyn-dan hawarlydygyna gözüm ýetip durdy. Aýdyşy ýaly bardym.-Perhatjan sen gelmersiň öýdüp, men gaýgy hasrata gark boldum. Men saňa hemme zady bolşy ýaly gürrüň bereýin. Seniň Azat diýip, kursdaşyn meni söýgiňden dän men saña diyen puluňy bereýin meňki bolsañ bolýa diýdi menem ýalan geplerine hyrydar boldum. Indi bolsa azatlykdan mahrum boldy, tussaglykda otyr. Perhatjan sen bolsa meni bagyşla! Tüweleme Perhatjan bu münip gelen maşynyň özüňi oňaranyň netijesini görkezýär janym! Janym seni tuýs ýüregimden söýýän senem meniň ýalňyşyma düşünersiň diýip umyt edýän. Daş ýaly gatan ellerimden tutup, janym meni ezizlärsiňä diýen sözüne gaharym gaýnady göwnüne degmek niýetim ýokdy ýöne...-A gyz sen utanmadyñmy ýetim garypja oglanyň elinden tutyp, ezizlärsiňä diýmäne neneň diliň barýa sen ýaly loly (jelep) gyza aslynda men mynasyp dal. Bu sözleri diýmäkäñ ejeñden terbiýe almaly ekeniň, ýöne ejeňem saňa öz terbiýesini berip bilmändir. Eger ýadyňa duşýän bolsa 4 ýyl mundan ozal maňa sen ýetim diýipdiň, şu durmuşda seň sözüňi almarn diýipdiň, "At basman diyen ýerine müň basar" özem"Ýetim diýme maña" Hudaýa şükür aý ýaljak gelnim bar gül ýaly mähriban çagajygym bar, wezipelije kärim bar. Ýöne saňa welin pully söýgi bermäne ýeke teññe-de ýok. Seni hyzmatkär edip almanada men mynasyp däl! diýip, Çynaryň ýanyndan tozap gaýtdym. Aglaýan eňreýän sözlerine birjigem nebsim agyrmady çunki pul söýgi isleýär. Men Hatyja ýaly gelnimiň barlygyna müňde şükür biziň ýene çagajygymyz boldy gyzjagaz. Biz şeýle bagtlyy!! Hormatly adamlar! Hiç haçan adamyň göwnüne degmäň! Bu durmuş gezekli çemçedir ýer şar togalykdyr. Bir-biregi söýüp we söýülip ýaşañ!!!
Ýazan Döwlet..
Okanyňyz üçin köp köp sag boluň:)))