Ýetim diýmäň maňa
2-nji bölüm
Men gullukdan ilki gelen günlerim, erkin durmuşa owrenişmedim. Çünki gullukdakak hemme wagtyn ölçegli 10 da yatyp 6 da turýas, öýe gelen günlerimem şo düzgünlerden çykyp bilmedim. Wagtyň geçmegi bilen uly firmalaryň birine ýardamçy bolup işe başladym 2 ýyl dan gowy işledim, ejem bilen kakam pahyryň boş ýatan melleklerine özime laýygrak jaý saldym, maşyn aldym. Ýöne mende birden okuwa bolan hyjuw döredi. Şeýdibem synaglara tabşyrylýan döwürem gelip ýetdi. Ýöne munda girmek nesip etmedi. "Ýykylan göreşden doýmaz "diýleni ýaly ýene-de Medeniýet institutyna dokumentlerimi tabşyrdym. Synaglardanam üstünlikli geçdim. "Yhlasa myrat diyilşi ýaly hakykatdanam men nesibäme şeýle boldy. Obadaky öýümizi daýzama seredip bermegini haýyş etdim, daýzamam razy boldy. Şeýdip men Aşgabada okuwyma gelip okap başladym. Her dürli çärelerde üstünlikli çykyş etdim, hatda "hany bakaly ýigitler" atly bäsleşikde ýer alyp hormat hatlara-da, mynasyp boldum. Durmuşuňam maňa-da gülip bakýan, begendirýän ýerlerem bar eken. Bir gün erbet jala ýagyşly gün howlugyp köçä çykyp taksa elim galdyraýyn diýip, ýaňy elimi galgadam-da köçede patanaklap ylgap gelýän gyzyň ýykylyşyna tomaşa etmeli boldum. Men taksiden geçip ýaňky gyzyň garşysyna ylgap baryp, bagyşlaň ýogsa da bir ýeriňizi agyrdaýdyňyzmy gel men size ýardam edeýin diýen sözüme gyz kellesini galdyryp şeýtseňizä minnetdar bolardym diýdi. A men bolsa gyzyň ýüzüne seredip doňup galdym. Çäräm ýatdan çykdy, onuň owadan jemalyndan kellesini ýokary galdyryp sereden gara gözlerinden gözümi aýyryp bilmän esli wagt jemalynda gözüm eglendi. Aý oglan sizem üşap galdyňyz öýtýän elimi göýberseň özim gidibem bilern. Bagyşlaň size diýýän aý oglan-Wii hää ýola men sizi bu ýagdaý-da, ýeke göýberip bilmern. Eger garşy bolmasaňyz ugradaýyn. Gyz garşy bolup durmady: -Aý oglan sizi biynjalyk etmeýän bolsam onda men garşy däl. Menem gaty daşda ýaşamok, ine su Merdem kafeniň ýanynda ýaşaýan. Şeýdip men gyzy öýlerine çenli ugratdym. Näme üçindir şo gije ýatyp bilmän bar ünsüm ýaňky köçede ýykylan gyz hakdaky pikir meni basmarlap özüne gurşap aldy. Iň bärkisi adynam soramandyryna dilim dilime çolaşyp. Onun diýen sözleri ýadyma gowy ornaşyp, meni öz erkime goýanok aý oglan senem üşäpsiň öýdýän diýen sözüni ýatdan çykaryp bilmedim. Has dogrusy nädip söýenimem özüm duýman galdym. Sapaga barsamam şo gyz umumy ýaşaýyş jaýyna barsamam şo gyz. Onuň kellesini ýokaryk galdyryşy näz bilen seredip maňa ýüzlenişi söýgümi gorjady. Bir günem ýeke bazarda ony muny alaýyn diýip, aýlanyp ýörkäm birden şo ýagyşly gijede patanaklap ýykylan gyz gözümiň öňünde janlanyp dur. Gözime ynanmadym dilime gelen sözi aýdyp goýberdim, a ýene de sizmi. Hawwa ýene men! Bimaza edäýdimmi ýa sizi aý oglan! Ýokla beý diýjek bolmadym. Ýöne gözime ynanamok. Özüme gerekli zadam alman, ilki bilen söýen gyzymyň adyny soradym- A ýogsa-da geçen ýagyşly gün siziň adyňyzy soramagam undupdyryn, huşum gursun diýsene diýen sözüme, jok jok edip, gülip-maňara enem-atam Çynar diýýär. Gör nähili owadan adyňyz bar eken, öziňizem şeýle owadan Çynar. Meň adymam Perhat. Tanyşanyma örään şat-Menem! Perhat almaly zadym ýatdan çykyp gitdä. Wi Çynar sizem birahat etdim ötünç soraýan. Ýöne ýekeje sorajak zadym barda sizden, eger mümkin bolsa.-Baş üstüne Perhat Soramanam bir hili görýän welin, ýöne bagyşlarsynda Çynar kyn görmeseňiz el belgiňizi beräýiň. Wah wah, meň nomerimi näme etjek, Perhat. -Çynar soranym üçin bagyşla Ýöne gaýrat et beräý el belgiňi?-Wah geregiň el belgim bolsun, Perhat. Biz şeýdip bazardan soň her kim öz işimiz bilen, boluberdik Çynaryň bakyşlaryny, her bir diýýän sözleri meniň ýüregime möhür bolup galdy. Şo gün gije-de, men Çynara jaň etdim. Ýüregimdäki gopýan söýgi harasatymy jikme jik gürrüň berdim. Soňam Çynara ýüzlenip şeýle diýdim -Çynar men seni ertir sapaklarymdan soň sagat 2- ä Ylham seýilgähine çagyryp bilerinmi. Açyk howada gezelenç edäýeli. Ýene-de aýtjak goýjak zadym bar saňa. Çynar maňa garşy bolup durmady. Aýdyşymyz ýaly şo wagtda duşuşdyk. Ýene-de Çynara söýýänligimi aýtdym garşy bolmasaň öýlenmekligi hem teklip etdim. Çynar maňa -Perhat bu soragyňa birden jogap bermek maňa aňsada düşmez, men sen bara da pikirlenip göreýin. Soň saňa netijesini aýdaryn. Men ýeňiljek guş ýaly uçaýjak boldum. Bolýa Çynar menem derrew jogap talap etmäne ýekeje de hakym ýok, seniň jogabyňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Ýene-de bize nesip bolsa şu ýerde duşuşmak gowy habarlar bilen begenç duýgusuny paýlaşmak nesip etsin.-Şeýle bolsunda Perhat onda gaýdaýalymy wagtymam çäkliräkdä eger garşy bolmasaň. Ýokla Çynar garşy bolarynmy öýüňize çenli ugradaýyn rugsat berseň -Bolýa Perhat. Men birinji sapar gyz söýüp göremsoň ýeter ýetmezi bilen söýüpdirin. Aradan günüň geçmegi bilen Çynaryň jogabyny eşitmek üçin ýene-de duşuşyga çagyrdym. Men täzeje alan eşiklerimi, şar garaja köwüşimi geýip, buýsanç bilen Çynaryň ýanyna howlukdym. Çynaram görmäne göz diýmäne söz gerek diýilişi ýaly diýseň owadan bolup gelipir. Gürrüňimi nädip başlajagymy bilmän, Çynar seni garaşdyraýdym oýdýän, garaşdyran bolsam bagyşlarsynda. Elimdäki güljagazymy Çynara gowşurmak üçin şeýle sözler diýdim. Çynar şu günä ýüregimdäki sözleri aýdyp, tarpa-taýyn ýykylýan bolsamam, saňa aýtjak "MEN SENI SÖÝÝÄN Çynarjan ynanay her bir minudym-da diňe seni ýatlaýan MEN SENI SÖÝÝÄN" Perhat men diýjek sözlerime gulak as onda. -Bar ünsüm bilen seni diňleýän Çynarjan!! Diňleýän bolsaň, sen ýetim ekeniňä, sen öziň bilen deňirägi tapyp bilmediňmi. Özem men sen ýaly garypja oglan bilen ola toý etmek eken gurleşmägede namys edýän. Bilýäňmi men geýýän eşiklerim näçe milýondygyny, a sen özüňi eklemäge zordan pul tapýaň gaýdyp meniň nomerime jaň edäýme. Men seniň sözüňi şu durmuşda alman bar indem gözime görünme aý oglan. Çynaryň bu diýen sözlerini saklaba bilmedim, ýöne gözümdäki akýan göz ýaşlarymy zordan sakladym..
Dowamy bar..