violinist
24.12.2022 08:39
Sensiz, bu barlygyñ gyzygy gaçdy,
Güllerem gunçasyn açmaýan ýaly,
Ýylylygy bilen çoýan güneşim,
Öñkisi deý nurun saçmaýan ýaly.

Sensiz, gülmegiñem gyzygy gaçdy,
Haçan ýylgyranym ýadymda dälem,
Ýalan ýylgyryşlar gurşapdyr görküm,
Barha meniñ üçin daralýa älem.

Sensiz, köp zatlaryñ manysyn bilmän,
Aýryp bilmän gursakdaky tikeni,
Alaçsyz entedim, eñşedim, ýöne-,
-Sensizem ýaşalyp boljak ekeni...

Awtory: Baýram Bejidow
13
71
Myhman Myhman
25 Dekabr 2022
Gowy goshgy eken
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.