Maýa06
23.12.2022 21:47
Ýetim diýmäň maňa..
1nji bölüm

Ýazmak kyn düşsede şu günki gün, başymdan geçirenlerimi aýdaýyn diyen netijä geldim. -Menin ejem-kakam, aramdan ir gitdi şeýdibem ir ýetim galmaly boldum. Durmuş maňa daraşýarmy ya adamlar, meniň hiç ýerde dostum ýokdy, çünki meni ýetim diyip kemsitýärdiler. Meniň dosdumam, Hudaý enem atamam. Men terbiýelenemde ejem neresan, ayal dogany, Sadap daýzamlar-da terbiýelenmeli boldum. Ýöne näme üçindir daýzamam meniň bilen kän gyzyklananokdy ýa çagalarynyň bolandanmy nämemi. Eklenç ýagdaýlaram pes bolanson, menem ýük bolup, durmadymam. Her hepdäniñ dynç güni, uly bazara çykyp galtak (taçka) sürýärdim. Azajygam bolsa, daýzamlara öz goşantjygymy goşýardym. Öýümize soganjykdyr kartoşgajyk alýan, çala artdyryp bilsem özime el torba (partifel), alaýyn diyip, pul toplan bolýardym. Sebäbi men mekdebe-de paketlije gatnaýardym. Synpdaş deň-duşlarym üstümden gülýärdiler, eý şu Perhat ýaly bizem yeňiljek paketjikde gatnaýsak diyip, namys duýgumy gorjaýardylar kän mekedebe-de gidesim gelmeýän döwürlerimem az däldi. Halys
ýadapdym, kemsinmekden hamala diýersiň synpdaşlarmyñam bar pişesi men. Illeriň ejeleri-kakalary ýaly men maşgalam bolaýsady diýip kän arzuwlar edyärdim. Ýöne näme giden yzyna dolanyp gelýärmi. Näme üçindir Jeren mugallym meni synpdaşlarymyň arasynda eý göryärdi, wagtal-wagtal maňa, akja köýnek, gara balak, köwüşjagaz alyp berýärdi. Bu alyp berýän zatlaryna garşy bolsamam zorluk bilen aldyrardy ikilik goýarn bahanasy bilen. Men şeýdip, öz durmuş ornuma has giň düşünip, başladym. Günlerde bir günem hepdäniň dynç güni hemişeki günlerim ýaly uly bazarda galtak (taçka) sürüp ýörkäm, klasdaşym Merdan bilen ejesi deňimden geçip gitdiler. Merdanyň ejesi üstümden gülip, ana görýäňmi Merdanjan seniň klasdaşyň Perhat galtak(taçka sürüp ýör. Özünden utananokmyka, mena oglum seni şonuň ýaly ýetimlerede deňäsim gelenok, Merdanjanyň klasdaşy diymäne-de dilim barmaz il günüň ýanynda şunun ýaly garamaýaklar galtak sürmese kim sürsin. Özüne gowy gelişýän işä tapypdyr. Merdanjan sen bir seretmesene şonuň ýaly kirlä diýen sözlerine damagymyň nädip dolanyny gözümdäki akýan ýaşlaryň nireden möwç bilen akýanyny özümem bilmän galdym. Ertesi mekdebe baranymda synpdaş oglanlarym daşymy gawap eý galtakçy bizem arabaňda aýlasana! Merdanam olara goşulyp bu ýetim ýöne arabaçam dälhow oglanlar, bet arabaçy diyip, üstümden gülip, keýpden çykdylar. Men synpdaşlarymyň diýýän sözlerine döz gelmän, ejem bilen kakamjanyň, mazarlygyna baryp, Ejejaaaan-kakamjaaaaaan meni beýtmäýiñä men mundan artyk çydamok.Ýeke pursatlygam bolsa ýanyňyza alaýyň ýalbarýan size maña hemmekişi ýetim galtakçy diýýärler. Men munuň ýaly sözlere mynasyp dälä. Aglap-aglap, zordan öýe özümi okladym. Wagtam tiz geçip, durmuşam dowam edip dur, ine bu günem çagalygyň soňky güni diýen ýaly soňky jaň günidi. Synpdaş deň-duşlarym nähili göwnime degsede olardan aýrylasym gelenokdy. Olaram ilkinji sapar maňa Perhat dos, 10 ýylyň içinde göwne degilşik bolandyr öyke-kine etdik señ göwniňe degdik dosjan. Bizi bagyşlarsynda gör nähili seni kemsitdik ýöne hiçden giç ýagşy diýýärler dos ýazygymyzy geç eger bagyşlanar ýaly derejede bolsak! Men olara mylaýymlyk bilen ýylgyryp: -Jan doslarym mähriban klasdaşlarym çagalykda bilmän edilýän hatalary bagyşlamasak onda biziň özümiz akmak bolýasa. Heýde sizi bagyşlaman bolarmy 10 yyly bir otagda geçiren doslarymy bagyşlaman kimi bagyşlaýyn. Şeýdip biz öz göwinlerimizi uly buýsanç bilen açdyk açylanam bolsa ýene ýapylaýjak ýaly. Ön mähriban klasdaşlarym bilen günümizi geçirýärdik indi, durmuşyň hakyky adamsy bolmalydygyna göz ýetirdim. Şeýdip biz klasdaşlarmyzdanam ara açdyk. Kimsi öýlendi, kimsi durmuşa çykdy. Men bolsa işe girip gara zähmet bilen haýdaberdim. Günlerde bir günem "Watan gulluguna gitmeli diýen çakylyk haty geldi. Daýzama-da duýdurman öýe hat ýazyp meni gaýgy etmäň, men gulluga gidip barýan nirä düşsem poçta üsti bilen hat ýollaryn. Şeýdip men Daşoguz welaýatyndaky Harby mekdebiň harby bölimine düşdim. Esger ýigidiň wagty haýal geçýär. Harby kasam kabul etmeli günem gelip ýetdi. Ol gün daşdan ýakyn-dan ýaş esgerleriň yzyndan ene-atalary gelipdi. Begençli, gynançly ene-atalary görüp, bogazym dolup gitdi. Gözümden iki çogdam ýaş çykdy içimden meñem ejem bolan bolsa ýaş esger ogluna türkmeniň esger lybasynda gulluk edýänine diýseň begenerdi diyip öz içki dünýämi gepletdim. Wagt esger ýigidi üçin näçe haýal gecse-de, 2 ýylam tamamlandy. Gullukdaş dos oglanlarym gaýtjak bolanymyzda ilki biziň öýümize baraly ýokhow ilki biziň öýe baralyla lüle kebap bilen araň nähili diýişýänleri haýsy. Menem aralaryna goşup Perhatjan senä hökman bize gidäýmeli, soň size-de myhman bolarys arkaýyn bol içimden: -Wah sizä barmalsyna bararsla welin, ýöne biziňki nähili bolarka diyip, öz pikirlerime gark boldum.Ýöne Serdaryň aýdyşy ýaly öz oýlerine näçe oglanlar bolup, şatlyk şowhun bilen maşynyň batly signallaryny basyp, öýlerine bardyk. Muny gören ejesi begenç ýaşlary bilen, Serdary garba gujaklap aglap başlady. Men kän aglasalar bolamok esasanam ene aglasa meň ýüregimdäki harasat tüweleýiniň iň batly şemaly ýykyp ýumurşy ýaly menem ýumurup barýar. Her näme-de bolsa sag amanja geldik. Serdar az söýgülisi bilen azyrak başagaý bolansoň maňa haýyş bilen ýüzlenip, şeyle diýdi:-Perhatjan dossum eger göwniňe degmesem bir zat aýdyp bilerinmi diyip, haýyş nazaryny gözime dikdi: menem ýylgyryp, -Wah Serdarjan sen bir haýyşyn üsti bilen köp haýyşam aýdyp bilersiň. Ýeri bolýa Perhatjan men Sülgün bilen duşuşmaly boljakda seni ýalňyzam goýberesim gelenok welin. Aý how Serdarjan Zöhre bilen Tahyry aýyrsam men özümden utanaryn. Siz arkaýyn görüşiň, men seniň diýjek bolýanlaryňa düşündim. Arkaýyn işleriň bilen boluber Serdar diýip maşgalasy bilen hoşlaşyp, öýlerinden az öýmüze garşy ugur aldym. Ýöne edil gullukdaşlarymyňky ýala şowhunly ýagdaý-da baryp bilmedim. Ýuwa sala towşan ýaly barmaly boldum. Daýzamam sowuk salaly salamlaşyp 2 ýyl yzyňdan baryba bilmedik ýagdaýymyza düşünensiň diýip, umyt edýärin. Ýok daýzajan gaýta baran bolsaňyz men sizi şeýle alada ederdim diýip göwnçni tapdym..

Dowamy bar..
28
177
Myhman Myhman
24 Dekabr 2022
GynAncly eser.mena agladym😥😥.dowamyna garasyan👍👍
mgm
23 Dekabr 2022
Gynancly eser eken dowamyna garasyan
Marýam
23 Dekabr 2022
Gowy hekaýa👍
Myhman Myhman
23 Dekabr 2022
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garasyan
Maýa06
23 Dekabr 2022
okayjy,bolýar😂asyl bir diýdimle post goýamdan dört minut soň like goýulupdyr kim okaýanam bolsa ýaman çalt okaýar öýdýän diýip😂
okayjy
23 Dekabr 2022
Jigim şu wagta okamadym dogrymy aýtsam ýöne işden boşamdan soñ hòkman okaryn 🙃. Post 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.