https://owrenmeli.app/35199-bolan-waka.html#comment
Maýa06
22.12.2022 16:46
Maňa beýle eje gerekdäl... Bolan waka 2- nji bölümi.
Men şeýdip enemiň ýanynda galdym.
Orta mekdebi gutardym, etrapdaky tehnikumyň bughalteriýa bölümini gutardym.Obadaky arçynlykda işe başladym.
Şol günleriň birinde obadaky mekdebe mugallym bolup gelen bir ýigit bilen tanyşdym we toýym uzaklaşdyrman tutmaly boldym. Men oňa bar zada aýtdym erteki gün ýüzüme daňmasyn diýip.
Ejem şol ýyllaryň içinde bir gezek hem meni idäp gelmedi. Toý edemde toýuma aýtdym oňada gelmedi. Wagtyň geçmegi bilen göwreli bolup ilkinji perzendim elime aldym. Ony buşdulap aýtdym oňada gelmedi. Ol men yok ýaly meni hiç hili idemedi.
Ýaş çagaly wagtym enem ýaraman aradan çykdy. Gaýynlarym adamçylykly adamlardy. Olar meniň ýekeligim bildirmediler, meniň üstümde kökenekdiler.Ýoldaşym men diýip ölüp öçüp barýardy.
Bir gün öýde ýoldaşym bilen çaý çörek iýip otyrkam bir ýerden ejem geläýdi.
Men ejem bilen salamlaşyp agtygyny eline berdim. Yoldaşym daş çykan ýaly hem etdi welin ýöne daşky işik açyk bolansoň ol ejemiň maňa aýdan sözini eştdi.
Şonda ejem meniň eýýam ikilenji gezek ýüregim parça parça, kerçgem-kerçgem edip paralady. Ol
— Arzuw bu çagany haýsyndan aldyň, ýa kakasy hem näbellimi, öziň ýaly diýdi welin elindäki çagamy alyp sandyrap başladym.
Beýlede bir zalym aýal bor ekeni Allajan diýip aglap başladym welin ýoldaşym gelip elimdäki çagamy alyp, soň ejeme
— gaty köp geplediňä gaýyn sylanşyk iki taraplaýyndyr. Gyzy terbiýelän öziňdir öýtme, gyz seniň terbiýäň alan bolsa senden-de beter köçeki gyz bolup ýetişerdi. Ýöne nämede bolsa ol öz kakasyna çekipdir. Heniz iki aýlyjak bolmadyk ak gyş ýaljak çagama sen gara ýöňkär ýaly sen kim, göteril şu taýdan bu çaka idemedik gyzyňyzy indiden beýläk hem ideme, utanmaýaňmy oral heleý bolup heniz 25 ýaşamadyk gyzyňa beýle zatlar diýmäge, öziň ýaly muny hem müň erkege sataýjaksyň welin, ojagaz pikriň başa barmaz, indi öz maşgalamy özüm goraryn ol seniň işiň däl, - diýdide kowup goýberdi
Ejem gidensoň ýoldaşym meni bagryna basyp goý aglama, şonça ýyllap aglanyň hem ýetik seniň şu gözýaşlaryň deregine gülki, şatlyk berjekligime söz berýan, indi sen hiç wagt aglamarsyň - diýip meni köşeşdirdi
Allajana şükür gelin bolup düşen ýerimden nägile däl. Meni aşa gowy görýaler, hossarsyzlygym bildirmediler.
Şondan soň men ejemi göremok.
Aradan ençe ýyllar geçdi. Ikinji çagam oglanjyk bolansoň ýoldaşym meniň kakamyň adyny goýmagyma rugsat berdi. Men oňa kakamyň göňi öz adyn goýman Kakajan diýip at goýduk.
Durmuşym gül ala güllük bolup gitdi. Öňüň gelenden ahyrym gelsin diýen ýaly bu gören görgülerimiň eşretin görmek hem maňa nesip etdi.
Ejem meni özi dogurmanlygy üçun beýle ýigrendimika, diýip köp pikir ederdim. Jogap ýokdy.
Ençe ýyllardan soň bir gün işden gelip nahar bişirip durkam ýanymda duran telefonym jyrlady
Ony alyp
- aloo diýsem, ondan agy gatyşykly zenan maşgalaň sesi meniň howpum basdy
— kim siz diýdim
- bu men Arzuwjan balam men bu seniň ejeň, jan gyzym meni bagyşla, saňa men gün gökezmedigim üçin Alla maňa onuň ezýetin çekdirýär. Gyzym ejeňi ýygna, öziň eýe çyk balam
— ýok, eje men ärli adam äri rugsat bermese ýola çykmagada hakym ýok, haçanda men heniz 16 ýaşamankam 40 ýaşan erkegiň ikinji heleýi edip meni pula satjak bolaňda şu düşjek günleriň ýada düşmedimi?
Men seni tanamok, maňa beýle eje gerekdäl, meniň ejem "enem "ol meni köçeden ýygnady, adam hataryna goşup toý edip il hataryna goşdy. Ol döwürler nirdediň. Kakamdan galan jaýy, maşyny oýnaşlaryň üçin satyp, kakamyň ýurdunda ýumurtga togalabermeli etdiň.
Tozdyrsyň hojalygy, sen hakyky eje, hakyky zenan bolan bolsaň kakamdan galan zatlar ýedi arkaňada ýetýärdi, sen ony sanlyja ýyllaryň dowamynda baryn ýokladyň
Meni günüme goý, öz maşgalama bar, indi öz günümizi özümiz görýas, diýip trupkany goýjak bolamda
— balaaaaaaam, beýtme, dur: - diýen sözini eşdip galdym.
Trupkany goýup oturyp ýene agladym. Bu durmuşyň gurluşy neneň, men näme üçin şeýle ezýetler üçin ýaradyldymkam - diýip aglap durkam ýoldaşym üstüme geldi we meni köşeşdirip bu jahanda hasapsyz zat ýokdur Arzuw hemme zadyň hasaby badyr Alla sygyn namazyň oka, Allaň özi haklaşdyrar: - diýdi
Ýene-de Allajana şukur meni nämede bolsa şeýle maşgalanyň gelni bolmaklygyma maňlaýyma ýazanlygna şükür edýän.
Soň ejemden habar bolmady
Aý gün geçip durdy. Günlerde bir biziň işigimize tiz kömek maşyn geldi we ol gelip meni sorady. Men Arzuw diýilýan diýip çykýançam maşyndan düşürlip gelýän ejemi görüp zähram ýaryldy. Ol özüni bilenokdy we iň soňky demde meniň salgymy berip şolara meni eltäýiň diýip samyrdap ýatansoň, jan berip bilman ýatyr, edilen dermanlar täsir edenok diýip olar ejemi öýe getirdi. Ejemi öýe salmasyna saldym welin indi ýoldaşym name diýerkä diýip ýüregim karkara geldi.
Ýene ýoldaşym ägirt gowy adamdy we agyr näsagy köçä zyňyp bolmaz diýip öýde saklamagyma razy boldy.
Ejem ondan soň goni iki gün ýatyp bu dünýeden bakyýete ömürlik bizden ara açdy. Ol aradan çykansoň onuň aş suwuna kakamyň iki aýal dogany, kakamyň hatyrasy üçin bar sadakalaryn etdiler...
Bu dünýä baky gelen yok.
Ýöne zenana mahsus häsiýetlermizi ýitirmeli däl.
Men bu wakany gürrüň bermek bilen ýaşlara ýüzlenesim gelýär.
Ýalan söýgiň gurbany bolmaň, şol söýgi zerarly döreýän çagany ömürlik ýakmaň! Onuň her ädimde düşýän kemsitmelerinden goraň.
Siz ene ahyry, ony dogrup zyňmaga wyždanyňyz nädip çatýarka, hany meni dogran eje, hany ýyly mähri bilen çoýan kakam, ýere giren ýaly, birje gezek meni ýatladylarmyka olar, wah näbileýindä
Meni gyzlyk alan kakam çaga mährine zardy meni eziz gördi, ýöne ejem kakamyň baýlygy üçin goşun birikdiripdir ekenä.
Maňa beýle eje gerekdäl, meni balam diýip bagryna basan enem ýene meniň maňlaýyma duşan...
Her bir çaga ejeli kakaly bu dünýäde eýeli bolmaklarny isleýän.
Eje mukaddesdir şol mukaddesligi aýalyň!
Okanyňyz üçin sagbolyň:)
36
209