https://owrenmeli.app/35169-bolan-waka.html#comment
Maýa06
21.12.2022 20:18
Maňa beýle eje gerekdäl... (bolan waka 1- nji bölümi )
Eje diýmek nähili mähriban eşdilýar, ýöne kimlere?
Eje nähili mukaddesdir ýöne haýsy eje?
Men beýdip durmaýyn we başdan, öz başymdan geçen durmuşymy gürrüň bereýin
Meniň kakam ýurdyň içinde köp hem däldir, beýle adamlar sanalgyjadyr, indi girdenekler, ýagny boýy aşa kiçi adamdy.
Onuň uly söwda dükany bardy.
Boýunyň kiçiligine garamazdan ol durmuşda gaty erjel we baý adamdy.
Kakam söwda bilen başagaý bolup ýörkä bir ärinden aýrylyşan zenan bilen tanyş bolýar we ol zenan kakama öz başyndan geçen durmuşyny aýdyp beripdir.
Kakam bolsa ýüregi ýuka adamdy. Ol bu zenana maddy kömek berip başlaýar, haçan gerek diýen wagty maşyn pul bilen üpjün edip ýardam, kömek berip başlaýar.
Wagtyň geçmegi bilen kakam bu zenan bilen goşyn birikdirýär.
Ana kakam hem hemmeler ýaly maşgalaly, hojalyk bolýar.
Ýaşaýyş dowam edýar. Kakamyň welaýat merkezde 4 otagly özbaşdak jaýy bolup onda ýaşap başlaýalar.
Öýde indi diňe çaga ýetenok. Bir çagajyk gyzlyk almagy bular ýüreklerine düwýäler.
Bularyň bu arzuwy uzaklaşman durmuşa geçýar
Günlerde bir gün ýakyn çaga dogulýan bölümiň daş ýüzündaki çöplüge, ýalan söýgüniň gurbany bolan, doglanyna sanlyja sagat hem geçmedik çagany musur zyňan ýaly zyňyp gitýäler.
Bu çagajygy kakam tanyş bilişleriniň üsti bilen özine gyzlyk edip alýar we bar gerekli resminamalary kakasy, ejesi ýerine kakam öz adyn ejem hem öz adyn goýyp düzeldip, gyzlyga alyp arzuwlary hasyl bolýar
Bular bu gyzjaga arzuwmyza ýetdik diýip Arzuw diýip at goýýalar. Ine şo çöpüň düýbüne zyňlan gyzjagaz bolsa men, adym hem Arzuw..
Kakam meni gaty eziz görýardi.
Özünden bolan bolmasada meni ýeke ýerde çöpüň düýbünden tapylan çöpdüýbi diýip hiç wagt meni kemsindirmezdi.
Ol aşa baý adam bolansoň meniň ýaşlygym bol telkilikde geçdi.
Ýöne ejem welin beýle däldi. Ol kakamyň aşa sadalygyndanmy ýa aşa ejemi gowy görýandenmi, bilemok peýdalanýardy we kakam ýokga maňa sögende "haram çöpdüýbi "diýip sögerdi.
Men ol söziň manysyna düşunmesemde gowy söz däldigin bilýärdim.
Wagt geçdi men 14-15 ýaşadym. Ol ýyllarda kakam pahyr näsaglady we uzak ýatman ýürek infartyndan aradan çykdy.
Ol bu dünýäden ötmankä bar ýaşan döwründe gazanan baýlygyn jaýy, maşyny, puly ejemiň hossarlygynda meniň adyma dokumentalniý geçirip gitdi.
Onuň beýle edenini diňe kakamyň iki aýal dogany, enem we ejem bilýardi.
Men ejem bilen bile ýaşap başladym. Ejem kakam ýogalandan soň öýe her hili erkek adam getirip başlady.
Olar meýlis gurnap dürli içgiler içip, soň kakamyň otagyna girip daňdan haçan çykyp gitýanlerni welin bilemokdym, ýöne ol gelen hökman şo gije bizde ýatyp gitýärdi.
Bu bozgaklyk günde gaýtalanyp durýardy. Men bolsa olara çaý demlap bermelidim. Men ejemiň edýän zatlaryna doly düşünmesemde şol erkekleriň oýnamaga gelmeýäni bellidi we kakamyň azap edip gazanan zatlary harama gidirýanini welin men çala düşünýärdim.
Günlerde bir gije ejem bezenip bilenini bezenip, çalyp bilen krasgasyn gije çalyp otyranyny gördüm we öýe ýene myhman geljegin aňdym. Men ejeme
— ejejan öýe erkek adam getirmäýdä, tirkeşýän joralaryň hem bary gowy däl, barysynyň ýanda her gezek gelende üýtgeşik erkek adam bar, diýdim welin ejem:
- sen nämäni bilýäň, sen öziň kimden bolanyň bilýärmiň, sen öziň şeýle durmuşdan dünýä iýen çaga, kakaň ejeň kimligin bilýarmiň, seni dogrup çöplüge zyňyp gidipdirler, biz eýe çykmadyk bolsak sen name abat bolarmydyň, ýeriň bil we gaýdyp maňa akyl satma, seniň ganyňdan akyp dura haramlyk ýene maňa akyl satan bolýarmyň diýip meni gapdalynda duran siňek öldürilýan bilen gowy edip urdy.
Men şol gije kakajan diýip kakamy çagyryp agladym, kakam hiç wagt maňa çöpden tapylan çöpdüýbi diýmezdi.
Kakam ölmän ejem ölmegin isledim ýöne kakam meni ejeme taşlap eýýäm bu dünýede ýokdy .
Men öz otagyma girip özümi öldürmegiň ugruna çykdym, ol barmana ejemiň jorasy ýany erkekli öýe geldiler.
Bir sebap bilen olaryň gürrüňini diňlesem ejem aglap bir erkege arzyn aýtýar, kakasy yogalansoň başa gitdi bu gyz diýip.
Ol erkek hem ony ýoklap goýber bolmasa pulyn bereýin gowy dostym bar ikinjisi edip saklajak oglan şoňa bereli diýýar, zähram ýaryldy, men heniz 16 hem ýaşamokdym.
Bu gürrüňi eşdip ejem meni bir erkege satjak bolýar diýip göni balkondan krawatymyz bardy, oňa çykyp ondan aşak sallanyp, aşaky goňşymyzyň bagyna dyrmaşdym we olaryň aýnasyndaky demirden aslyşyp ikinji etaždan aşak birinji etaža bökdim we göni şondan nirdesiň enemler diýip kakamyň iki aýal dogany we ejesininiň ýagny enemiň ýaşaýan obasyna gaýtdym.
Ara daşdy iki etrap geçmelidi. Elimde pulum ýokdy.
Ýoldaky taksi sürýanlere aglap kömek edäýiň, enem puluňyz berer baramyzda diýip taksili gijäň bir wagty gaýtdym.
Enemlere gelip göni ýykylypdyryn.
Enem görgüli ýagdaýyň gowy däldigin görüp gygyryberipdir.
Taksini ugradyp menden name bolanyny sorap başlady.
Men bolsa geplejek bolýan welin ses çykanokdy.Sesim ýokdy
Etaždan bökemde elim çykypdyr, sünkleri çat açypdyr. Onyň dagy agyrsyny hem bilmändirin
Elim gipsletdim bir hepde hassahanada bagdan ýykyldym diýip bejergi aldym .
Bir hepde on günden soň azajyk özüme geldim.
Şol aralykda ejem bir gezek hem enesi Arzuw sizdemi diýip hem habar tutmandyr.
Iki hepdeden soň enemlere gelip ejem aglap eneme gürrüň berýär:
- Arzuwjan meni ile masgara etdi, heniz mekdebi gutarmanka är diýip gaçyp gitdi. Men name etsemkäm, nirä gaçanyny hem bilemok iki hepde garaşdym, gaýynlaryndan hem habar hatyr ýok diýip, hakyt ejem men üçin göz ýaş döküp aglap otyr.
Enem bolsa bu çaka çenli çagaň öýden giderde bize aýtmazmyň sen, ol hiç ýerik hem gaçanok ol öýde, gijäň bir wagty elem tas bolup öýe geldi, sen utanmaýaňmy oglumyň giden baýlygy saňa azlyk edýärmi, çagamyň hojalygy dargamasyn diýip bar zatdan geçdik, saňa ynandyk seniň zenanlyk borjyňmy şo, oglymyň heniz gumy solmaňka del erkekleri öýe getirmelimi sen, sen kemçin asyl oglumyň başyn aýlap ol dirikä hem dek dälsiň, ölenine mähetdel esräp öläýdiňmi, diýip enem ejemi ite diýmesin diýip öýden kowup goýberdi.
Çaga bilen işiň bolmasyn ozal iki gyzym bolsa bu-da üçünji gyzym borda diýip meni ejeme bermedi.
Ejem gidensoň enemi gujaklap kän agladym, eneme ýalbardym meni oňa berme diýip, näme et diýseň edeýin, ýöne meni ejeme berme diýip.
Enem balamyň ýekeje dikrary diýip, öz oglundan men bolmasamda, gundakly wagtym bu öýe getirlemsoň gaty gowy görýardi we enem meni ejeme bermän öz ýanlaryndaky mekdebe okuwymy geçirtdi....
Dowamy bar...
29
268