ylham_1989
21.12.2022 12:01

“Google” lukmanlaryň ýazuwyny okaýan aýratynlygy işläp düzýär


“Google” lukmanlar tarapyndan ýazylan bellikler we dermanlaryň sanawy ýaly okalyp bolunmaýan golýazmalary kesgitläp bilýän emeli intellekt modelini döredýär.

Tehnologiýa ägirdi Hindistanda her ýyl geçirilýän maslahatda farmasewtler bilen “Google Lens-de” lukmanlaryň okamakda kynçylyk çekilýän belliklerini okamaga mümkinçilik döredýän gural döretmek üçin işleýändigini mälim etdi.

Bu täze aýratynlygyň haçan elýeterli boljakdygy entek belli däl. Sebäbi kompaniýa “täze aýratynlyk taýýarlanmanka edilmeli işleriň köpdügini” aýtdy.

“Google Lens” obýektleri (önümler, ösümlikler ýa-da haýwan görnüşleri) kesgitlemek we terjime etmek üçin ulanyp boljak emeli aň bilen işleýän köp maksatly obýekt tanamak guraly hökmünde tapawutlanýar.
27
103
dinim_yslam✨
21 Dekabr 2022
👍🏻👍🏻👍🏻........
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.