15.12.2022 ýyl güni okuwda 3nji parada, ýagny Medeniýeti öwreniş sapagynda şeýle bir waka boldy we ony ýazmak isledim. Bu waka Baýram Bejidow bilen bagly bolansoň ýazýan... Biz talyplar tema çykmajak bolup ilkä futboldan tutdyk gürrüňi (aý, erkek mugallym bolansoň balet edýändir diýdik-dä), ýöne mugallym hiç topara balet edmeýän ekeni bir aýdan sözi Marokka ýeňäýse diýýän diýdi. Soň gep aýlandy - aýlandy goşga geçdi. Şahyr olam ýazýa, şahyr bulam ýazýa gürrüň edip otyrkak mugallym Baýram Bejidow diýeni tanaýaňyzmy düýnkide şonuň gošgularyny okatdylar welin, gaty gowy ýazýan ekeni, ähli goşgysam durmuşy temadan ekeni, göwnüm ýetdi ýazyşyna diýdi. Toparda 25 talyp bardy we şolardan ýeke men: -Mugallym men tanaýan, hawa gaty gowy ýazýar durmuşy temadan menem okap gördüm -diýdim. Goşgy ýazýan şahyr gyzymyzam, diktir oglanmyzam tanamady, ýöne men tanaýardym...
Men muny ýazmak bilen şuny aýtmakçy:
Baýram Bejidow hakykatdanam siz gaty gowy ýazýaňyz mundan beýlägem şeýle manyly we duýguly goşgulara dowam ediň!
Bu ýerde goşgy düzýän ýeke siz däl, özüni şahyrdyryn öýdüp ýörenlerem bar, hakyky şahyrlyga ýetenlerem bar, ýöne Sofii goýan postynda bijeden siz çykdyňyz men sizi häsiýetlendirmelidim we ýazdym dogry çykdy. Hem-de meni hem begendiren hem haýrana goýan zat -Şol mugallym aňsat - aňsat gowy diýmezdi, derňärdi, seljerýärdi, soň baha kesgitleýärdi. Ýöne siziňkä welin, gaty gowy diýdi. Näme üçindir özüm begendim, siziň goşgularyňyzy gowy görüp okaýan ýene-de dowam şeýle ajap setirli, dürdäne sözli goşgulara, içki duýgularyňy beýän edýäň emosiýa täsirli...
Ünsli ýaltanmany okanyňyz üçin SAG BOLUŇ!